TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Oskar BRUZON, Ist Bengal» futbol toparynyň tälimçisi:

Oskar BRUZON, Ist Bengal» futbol toparynyň tälimçisi:

— Futbol bütin dünýäde millionlarça adamy özüne çekýär. Ol dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürip, halklary birek-birege has-da ýakynlaşdyrýar. Biz hem bu gün Arkadag şäheriniň ajaýyp futbol meýdançasynda muňa ýene bir gezek şaýat bolduk.

Men ispaniýaly hünärmen. 1 ýyl bäri «Ist Bengal» toparyna tälim berýärin. Halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen, dünýäniň ençeme ýurtlarynda bolduk. Aziýa ýurtlarynyň birnäçesinde duşuşyklary geçirdik. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň jogap oýunlarynyň birini bolsa, Arkadag şäherinde geçirmek miýesser etdi. Bu şäheriň binagärlik gurluşy, ak mermere beslenen binalary diýseň täsin. Arassa howaly dag eteginde ýerleşýän şäherde sportuň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Hormatly Türkmenistanyň Prezidentine we Milli Liderine döredilen ähli şertler üçin «Ist Bengal» futbol toparynyň adyndan sagbolsun aýdýaryn.

Souwik ÇAKRIBARTI,
«Ist Bengal» futbol toparynyň kapitany:

— AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky jogap duşuşyk üçin «Arkadag» topary bilen oýnumyz örän çekeleşikli boldy. Oýnuň ilkinji minutlarynda hasaby açmagy başaran hem bolsak, muňa garamazdan, garşydaş toparyň ýeňşe bolan hyjuwy olary bu arzyly pellehana ýetirdi. «Arkadag» toparyny bu günki ýeňşi bilen gutlaýaryn we indiki oýunlarynda üstünlik arzuw edýärin.

Dag etegindäki Arkadag şäheri diýseň owadan. Bu ýeriniň arassa howasy, döwrebap binalary haýran galdyrýar. «Akylly» şäher sport bilen meşgullanmak üçin tüýs diýlen ýer eken. Dogrusyny aýtsaň, şeýle gözel şäher meni özüne bendi etdi. Bu ýerde sporta aýratyn gadyr goýulýar. Sebäbi sport — parahatçylygyň ilçisi. Türkmen halky hem dünýäde parahatçylyk söýüji halk hasaplanýar.

Bize türkmen halkynyň myhmansöýerligi we hoşniýetliligi diýseň ýarady. Şeýle hoşniýetli myhmansöýerligi üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine we Milli Liderine sagbolsun aýdýaryn.

2025-03-1214