TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag şäheri — buýsanjyň hem şöhratyň mekany

Arkadag şäheri — buýsanjyň hem şöhratyň mekany

6-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we täzeçil usullary ulanmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Ir bilen Milli Liderimiz Arkadag şäherine tarap barýan ýoluň ugrundaky köpzolakly halkalaýyn ýoluň ýanynda saklandy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler barada giňişleýin hasabat berdi.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar, ýol ýakasynda ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri we ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ýoluň hil derejesi, onuň çäklerinde oturdyljak heýkelleriň görnüşleri bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.

Bu ýerde D.Orazow Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň we ýurdumyzyň atşynaslarynyň Milli Liderimize şu ýerden täze şähere çenli uzaýan ýoly «Ahalteke atlary» şaýoly diýip atlandyrmak baradaky haýyşlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz bu mesele boýunça Türkmenistanyň Mejlisine degişli teklibiň ugradylmalydygyny we ony Mejlisiň oňlan halatynda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli resminamanyň taýýarlanyljakdygyny aýtdy we birnäçe maslahatlaryny berdi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine dört ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarowyň we bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Wise-prezidentler ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu düzümiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň, bu ugra degişli ylmy-amaly maslahatyň, guraljak serginiň, aýry-aýry ugurlar boýunça degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýörite Maksatnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we onuň tassyklanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, Milli Liderimiz olaryň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigine ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygy öňde goýlan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Arkadag şäheriniň gurluşyk işleriniň batly depginde alnyp barylýan ýerine tarap ugrady.

Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa hasabat berdiler. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýaşlar üçin niýetlenen seýilgähinde goýuljak oturgyçlaryň, onuň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Seýilgähde ýokary derejeli dynç almak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Iş maslahaty

Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda, binalary enjamlaşdyrmakda häzirki zamanyň täzeçil usullaryndan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň daşky germewinde oturdylýan mermerleriň görnüşlerini, olaryň bezeg babatdaky aýratynlyklaryny synlady. Milli Liderimiz toplumyň germewleriniň bezeginiň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny aýdyp, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

2025-03-1234