Gymmatly gollanmanyň ýapon dilindäki terjimesi
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabyndan:
― Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär.
* * *
Bu kitabym eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda bilelikde öňe ilerlemekde her birimize goldaw berer, gollanma bolar diýip umyt edýärin!
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly çuňňur mazmunly kitaby ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary, däp-dessurlary, synmaz ýol-ýörelgeleri özünde jemläp, häzirki ösen döwürde ýaşlaryň watansöýüji, ilhalar, hoş gylykly, bilimli-ylymly, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmeginde bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zehininden dörän «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmegi onuň gymmatyny has-da artdyryp, biziň her birimizde buýsanç duýgularyny döretdi. Şeýle-de ýapon dilindäki täze neşir halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, bir-birege çuňňur hormat goýmagyň ajaýyp nusgasydyr. Mälim bolşy ýaly, bütin dünýäde türkmen edebiýatyna, medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitaby diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde hem giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Eýsem-de, bu kitabyň her sahypasy ynsan durmuşy üçin zerur, wajyp bolan gymmatly maglumatlardan, dürdäne pikirlerden, çuňňur garaýyşlardan ybarat. Bu gymmatly eser her bir okyjyny özüne çekmegi, ýüreklerde orun almagy başardy. «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilinde neşir edilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty esasynda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary dünýäniň ösen döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim, ylym öwrenýärler, halklaryň medeniýeti, edebiýaty bilen tanyşýarlar. Okamaga, öwrenmäge, bilim-ylym almaga, ata Watanymyza, halkymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýan ýaşlar «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly gymmatly neşiri ürç edip okaýarlar. Bu kitabyň her bir sahypasy ýaşlaryň ýoluny açmakda, olaryň durmuşa düşünmeklerinde, mynasyp kesp-kär saýlamaklarynda şamçyragdyr.