Dünýä haýran Arkadagyň şäherine!
Il-günümizde bir ýagşy iş edilip, onuňam tarypy dillerde sena bolanda, «dabarasy dag aşdy» diýilýär. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly ýokary okuw mekdepleri hem-de kompaniýalary tarapyndan şahadatnamalaryň berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadag şäherine Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» we «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Hindistanyň Çitkara uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Bilkent uniwersitetiniň Milli nanotehnologiýa ylmy-barlag merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň «Moskwanyň Inžener-fiziki instituty» Milli ylmy-barlag ýadro uniwersitetiniň zatlaryň interneti esasynda infrastrukturany ösdürendigi, intellektual ulag ulgamlary, energiýa taýdan netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri, daşky gurşawy gözegçilikde saklaýandygy we dolandyrýandygy üçin üstünlik şahadatnamalary, şeýle hem ekologik taýdan arassalygy üçin Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» hem-de «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Rumyniýanyň Milli ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Izmir tehnologiýa institutynyň, Özbegistanyň Samarkant döwlet uniwersitetiniň hil taýdan tapawutlylyk we üstünlik şahadatnamalary gowşuryldy.
19-njy dekabrda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri hem-de kompaniýalary tarapyndan Arkadag şäherine berlen şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Oňa daşary ýurtdan gelen myhmanlar hem gatnaşdylar. Olar öz ýürek sözlerini şeýle beýan etdiler.
Mustafa EMRE ILAL,
Türkiýe Respublikasynyň Izmir tehnologiýa institutynyň binagärlik professory:
— Arkadag şäheriniň gazanan üstünlikleri ünsümi özüne çekdi. Biz bu şäherde bolanymyzda onuň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyk hem-de institutymyzyň tapawutlylyk we üstünlik şahadatnamasynyň gowşurylmagyna wekilçilik etdim. Ajaýyp şäheriň başga-da daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we kompaniýalarynyň sylaglaryna mynasyp bolmagy bilen bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Akylly» şäher raýatlara has ýokary hilli durmuş üpjünçiligini berýär. Bu täsin şäheriň dag eteginde ýerleşmegi ýaşaýjylara arassa we tämiz gurşawda ýaşamaga şert döredýär. Şäher diýseň amatly taslanyp gurlupdyr we beýleki şäherler üçin nusgalykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de hormatly Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gazanylan şeýle üstünlikleri görmäge, olar bilen tanyşmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikler meniň üçin uly hormatdyr.
Seong JU KANG,
Koreýa Respublikasynyň Sejong uniwersitetiniň professory:
— Bu ýerde bolmak meniň üçin uly bagtdyr. Arkadag şäherine gelip görmek üçin döredilen şertler bolsa uly mertebedir. Kompaniýalarymyz tarapyndan hil taýdan tapawutlylyk we üstünlik şahadatnamalarynyň gowşurylmagy hem bu şähere ýokary bahamyzdyr. Biziň kompaniýalarymyz dünýä derejesinde «akylly» şäher gurmakda bu şäher bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip biler diýip pikir edýärin. Şonuň üçin hem biz degişli ugurlarda Ähtnama baglaşmagy teklip edýäris. Olar ýokary derejeli kompaniýalar hökmünde dünýäniň iň oňat telekommunikasiýa infrastrukturasyny gurmaga kömek edip bilerler. Şäheriň mundan beýläk-de ösüşlere beslenmegini arzuw edýärin. Bizi mähirli garşylandyklary we myhmansöýerlik görkezendikleri üçin hoşallyk bildirýärin. Şeýle-de hormatly Türkmenistanyň Prezidentine, Gahryman Arkadaga sagbolsunlarymy aýdýaryn.
Abdul Aziz bin Mat Isa,
Malaýziýanyň Milli Tenaga uniwersitetiniň prorektorynyň orunbasary, professor:
— Malaýziýanyň adyndan biz hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyza sapary üçin hoşallygymyzy bildirýäris. Bu saparyň Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkemegine uly goşant goşjakdygyna ynanýarys. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, dünýäniň dürli künjeginden gelen görnükli alymlaryň gatnaşmagynda şeýle uly ylmy-amaly konferensiýa geçirýär. Şular ýaly derejeli konferensiýa gatnaşmaga çakylyk üçin aýratyn hoşaldyrys. Şeýle-de Arkadag şäherinde bolmagymyzyň biz üçin uly hormatdygyny bellemek isleýäris. Biz bu ýerde ösen tehnologiýanyň ornaşdyrylyşyny we gözelligi synlamaga mümkinçilik aldyk. Şu ajaýyp ýurtda bizi myhmansöýerlik bilen kabul edendikleri üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.