TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arzuwymyz-alkyşymyz Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdarymyza...

Arzuwymyz-alkyşymyz Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdarymyza!

Geçip barýan ýyl ömrüňde ýatdan çykmajak şowly pursatlara baý bolan bolsa, ol ýyly düşümli hasaplaýarys. Arkadag şäherinde zähmet çekmek, ýaşamak nesip eden ildeşlerimiziň ählisi 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bagt getirendigini aýdýarlar. Olaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmekligi makul bildik.

Ogultowşan ÇARYÝEWA,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň kabul ediş bölüminiň pediatr lukmany, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:

— Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl meniň durmuşyma-da uly üstünlikler getirdi. Ýylyň başynda bu şäherden döwrebap öýli boldum. Şäher ýaşlaryň şäheri hökmünde tanalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezimizde ýaşlaryň ençemesi zähmet çekýär. Meniň hem ujypsyz zähmetime uly sarpa goýup, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny berdiler. Biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzyň çar künjeginden gelen çagalara sagaldyş-dikeldiş bejergilerini geçirýäris. Şu ýylyň özünde-de bu ýerde ýüzlerçe çaga bejergi aldy. Olaryň hossarlarynyň ýürekden çykýan alkyşlary käriňe bolan buýsanjyňy artdyrýar. Alkyş almak, sogap gazanmak ömrüň manysy bolsa gerek. Halkymyzyň, gül çagajyklaryň bagtyýarlygy ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi hem-de bütin halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Täze ýyl ojaklara bagt eçilsin!

Ýagmyr GURBANNAZAROW,
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýokary derejeli drama artisti, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyň eýesi:

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hiç wagt ýadymdan çykmaz. Bu ýyl şatlygy goşa-goşadan getiren ýyl boldy. Zähmet ýolumyň ajaýyp Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedowyň adyny göterýän teatra getirmegi, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglanmagym meni örän buýsandyrýar. Aslynda-da, özümiň sungatda ornumy tapmagyma akyldar şahyryň keşbini sahnada janlandyrmagym sebäp boldumyka diýýärin. Elbetde, bizem ähli başarnygymyzy orta goýduk, bu öňki ýyllarda-da şeýle. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede bellenilen ýylynda zähmetimize uly baha berilmegi bolsa başymy gök diretdi. Menem teatr sahnasynda, kinofilmlerde şahyryň keşbini döretmek bilen zehin-başarnygymy gaýgyrmadym. Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza munuň üçin alkyşlarym soňsuzdyr. Pursatdan peýdalanyp, bütin türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn.

Aýna IŞANGULYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni:

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň durmuşymda iň bir şatlykly ýyllaryň biri bolup galar. Çünki adam ömründe iň uly arzuwlaryň biri bolan täze jaýly bolmak bagty nesip etdi. Özi-de Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän «akylly» şäherden. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli hem Kerim Gurbannepesow köçesiniň birinji jaýyndan dört otagly döwrebap öýüň açaryny gowşurdylar. Bu meni has-da döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Şäheriň amatlyklary barada aýdanyň bärden gaýdýar. Çagalaryň okuw, bakja-bag aladalary hem aňsat. Öýüňden çykan ýeriň diýen ýaly. Pedagogik işgärleriniň halypasy bolan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän mugallymçylyk mekdebinde zähmet çekmegiň özi-de biz üçin bagt. Owadan, ajaýyp şäherde ýaşaýanyma, zähmet çekýänime diýseň begenýärin. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymy aýdýaryn. Täze, 2025-nji ýyl hem halkymyza abadançylyk, agzybirlik, bagt getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Ýusup HOJAGULYÝEW,
«Ulgam gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçysy:

— Men Arkadag şäheriniň gurluşygy başlany bäri şu ýerde zähmet çekip ýörün. Şäheriň birinji tapgyrynda-da, ikinji tapgyrynda-da mynasyp goşandyň bolmagy belent buýsançdyr. Çünki Arkadag şäheri — tarypy dünýä ýaýran şäher. Häzir Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimliginiň edara binasyny gurýarys. Işlerimiz güýçli depginde dowam edýär. Geljek ýyllaram «akylly» şäheriň barha görküni artdyrar. Sebäp diýseň, Gahryman Arkadagymyzyň

paýhasy bilen bu ýerde durmuşa geçirilýän her bir özgertme ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýar. Milli Liderimiz her gezekki iş saparynda gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini bermegi bilen nusgalyk şäher gurluşy gazanylýar. Adamlaryň gowy ýaşamaklary üçinem oňaýly şertler döredilen. Tebigatyň tämiz ýerinde gurulmagy bir aýratynlygy bolsa, elektromobiller, elektrobuslar, ýöriteleşdirilen orta mekdepler, çagalar bakja-baglary, söwda nokatlary, dynç alyş seýilgähleri tüýs «akylly» şäher adyna muwapyk. Geljek ýyllaram şäheriň şöhratyna şan goşjagyna ynanýaryn. Täze ýylyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!

2024-12-2529