TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Parahatçylyk bilimi

Parahatçylyk bilimi

Ýakynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk bilimi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Kluby hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilelikde guradylar.

Dünýä giňişliginde pedagogik usullaryň ulanylmagy we parahatçylyk bilimini okuw-terbiýeçilik işi bilen utgaşdyrylmagy bilim ulgamynyň ösüşiniň ilerlemegine ýardam edýär diýip çykyşlarda bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny dünýäde giňden dabaralandyrýan, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

2025-06-1838