
Binalary belent-belent...
Meýlis JYGAÝEW,
«Saýaly menzil» hojalyk jemgyýetiniň ussasy:
― Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gurlan Arkadag şäheri häzirki zaman şähergurluşyk işiniň, binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr. Häzirki wagtda bolsa ýokary depginler bilen dowam etdirilýän ikinji tapgyrynyň gurluşygynda biz 3 sany 5 gatly 30 öýli, 3 sany 5 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň, 320 orunlyk çagalar bagynyň gurluşyklaryny alyp barýarys. Men, esasan, mermer goýmak, penjireleri gurnamak işlerini alyp barýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasy bilen dörän häzirki döwrüň şähergurluşygynda örän uly derejelere eýe bolýan Arkadag şäheriniň iri taslamasyna gatnaşmak, oňa öz goşandyňy goşmak uly bagt. Dünýä döwletleriniň ünsüni özünde jemlän bu iri şähergurluşyk taslamasy ata Watanymyzyň ykdysady taýdan ägirt uly kuwwatyny alamatlandyrýar. Şeýle-de, Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Baýramgeldi GURBANMUHAMMEDOW,
«Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň ussasy:
― Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmegi bu ýerde zähmet çekýän gurluşykçylaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna oňyn täsir edýär. Biziň hojalyk jemgyýetimiz «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 1 sany 720 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň, çagalar seýilgähiniň, 3 sany 5 gatly 30 we 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny alyp barýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň bu şähere yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp, gurulýan desgalardyr binalarda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklanmagy, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi biz gurluşykçylary yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýagty geljegi ugrundaky çäksiz aladalary esasynda, jöwher zehini, yhlasy bilen kemala gelen şäher bagtyň bagta, yhlasyň myrada gowuşýan şäheridir.