
«Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr»
Gahryman Arkadagymyz sözüň gymmatyny öz eserleriniň, mähribanlyk kelamyna öwren şygyrlarynyň üsti bilen diňe bir halkymyza däl, eýsem, tutuş dünýä halklaryna peşgeş berýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygryny okap, onuň her bir jümlesini boýnuňa tumar edip dakasyň gelýär.
Görüň-ä, ol sözleriň kerem-keramatdygyny, kanagatdygyny, abatlyk we şatlykdygyny! Halkymyzyň geçmişinden söz açýan «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýýän setirler barada çuňňur oýlanýarsyň. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň şerbet-şiresi hut şu sözlerde jemlenýär. Miras agzalanda, halkymyzyň özboluşly milli gymmatlyklary, häsiýetleri, lybaslary göz öňüňden ýekeme-ýeke geçýär. Beýik Biribar başga hiç bir halka mynasyp görmedik, bir tarapyny giň sähraly Garagum, gündogaryny möwçli Amyderýa tutýan, baharlary gül-gülüstan, gözelleri messan-messan, her günki durmuşy giden bir dessan mähriban türkmen topragy — Türkmenistan atly eziz ýurdy bize bagyşlapdyr. Gojalary paýhasly, eneleri yhlasly, gözelleri uýatly, ýigitleri ganatly, balalary syratly... bu Diýar, bu zaman, bu döwür — jennetiň bir bölegi. Aýyň şuglasy, Günüň nury siňen bu bagtyýarlyk diňe parahat we abat döwlete ýardyr, geljege mirasdyr.
«Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz»
Dostluk — bir gül bolsa, onuň bagbany tenekar suwudyr. Dostluk — asman bolsa, Ýer ýüzündäki hoşniýetli ynsanlar — gülli Zemindir. Bereketli toprakda güller açylyp, baglar saýa salýar. Miwelerden bal akyp, saçaklar bugdaý nandan doly bolýar. Türkmen aslynda-da, dost-doganlygy öňde goýan halk. Kyn gününde dosty bilen bir döwüm çöregini, bir owurt suwuny paýlaşyp bilen halk. Şatlygyna şärik bolan millet. Taryhda özüni penalap gapysyndan gelen islendik adama hossar bolan türkmeniň şol ajaýyp ýol-ýörelgeleri parahatçylyk we ynanyşmak bilen dowamat-dowamdyr.
«Sütünleri söýgüden, bir mizemez binadyr»
Söýgüden gurlan sütünler dünýäde iň berk binýatlary emele getirýär. Söýgüden gurlan maşgala, dörän perzent, kemala getirilen bagy-bossanlyk neneň ajaýyp! Eziz Watanymyza bolan söýgini türkmenlerimiz enemize berýän gutarnyksyz mährimiz bilen deňeşdirýär. Ynsan ogly söýgüsiz ýaşap bilmeýär. Söýgüsiz gursak boş, toprak nemsiz, ekin hasylsyz, bag miwesiz bolýar. Şeýle barlyk söýgi bilen bakylyga sapýar. Parahatlyk biri-birimize bolan ynamy, söýgini döredýär we bizi ýaşadýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» diýşi ýaly, perzentlerimiziň rahatlygy bizi bagtyýarlyga besläp, zybanymyzda sena, aýdym, mukam bolup ýaňlanýar. Goý, söýgüden gurlan beýik binalar elmydama berk bolsun! Ýer ýüzünde mydama parahatçylyga bolan söýgi höküm sürsün!
«Adamzadyň hakyna belent maksat tutany»
Hawa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Ýer ýüzüniň päk niýetli halklaryna şygar, aýdym, şan, çagyryş we galkynyş bolup dolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygry çap edilen gününden başlap, dillere sena boldy. Gymmaty jilt-jilt eserlere barabar bolan bu goşgy «Külli ynsan hakyna», «Asman-Zemin hakyna», «Jümle-jahan hakyna», «Ak günleriň hakyna», «Giň dünýäniň hakyna», «Adamzadyň hakyna» doga-dilegleriň, päk arzuwlaryň naýbaşysy hökmünde kalplara dolmak bilen parahatçylygyň şerbet suwuny ynsan durmuşyna gönükdirdi. Halklaryň rahatlygynyň, asudalygynyň hakyna edilen bu aýgyt Ýer ýüzüniň ähli hoşniýetli milletlerine ýollanan gaýtalanmajak namadyr. Parahatçylyk filosofiýasydyr.