
«Akylly» şäher: döwrüň depginli ösüşi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan we hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan binýat bolan Arkadag şäheri ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, täze şäheriň gurluşyk senagatynda amala aşyrylýan işler hem häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina bolan şäherde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar.
Häzirki wagtda milli binagärligiň iň gowy däpleriniň we bu ugurda häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň 50-den gowrak kärhanasy we hususy telekeçiler gatnaşýarlar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesine, ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, häzirki zamanyň ösen tejribesine esaslanylmagyna uly ähmiýet berýär. Gurluşykda hiç bir ugruň ünsden düşürilmeli däldigini, şoňa görä-de, Arkadag şäheriniň gurluşygy, binalardyr desgalaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtaýar. Yzygiderli amala aşyrýan iş saparlarynyň dowamynda durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekýär. Milli Liderimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrmagy taryhy wakalara ulaşýar.
Arkadag şäherinde häzirki wagtda Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde şäherde 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamynyň işine badalga berildi. Bu tehnologiýa 4G LTE tehnologiýasyna seredeňde iki esse artykmaç bolup, 300 Mbit/sek tizlikde maglumat çalşygyny amala aşyrmak mümkinçiligine eýedir.
Hormatly Arkadagymyz häzirki zaman şähergurluşyk hem-de milli binagärlik ýörelgeleri özünde jemleýän şäheriň gurluşygynyň, alnyp barylýan işleriň ekologik talaplara laýyk gelmegine uly üns berýär. Şol jähetden «akylly» şäherde öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, täze senagat pudaklaryny döretmek bilen baglanyşykly işlerde, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler geçirilýär. Häzirki wagtda täze şäheri synlanyňda, göwnüň galkynýar. Onda giň we ýagty otaglary, içinde ähli amatlyklary bolan, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ulanylýan enjamlar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary bina edilen. Döwrüň talabyna laýyk gelýän çagalar baglary, multimediýa enjamlary bolan umumybilim berýän orta mekdepler, iň häzirki zaman tehnikalary ornaşdyrylan hassahanalar we saglyk öýleri, sport, medeni, söwda maksatly binalar bagtyýar raýatlaryň sapaly döwrümiziň hözirini görüp ýaşamaklary üçindir. Şäherde döwrebap ýollar, geçelgeler gurlup, ähli binalaryň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylmagy, agaç nahallarynyň, dürli gülleriň oturdylmagy, durmuş hyzmaty ulgamynyň ýola goýulmagy şäher ilatynyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamaklaryna gönükdirilendir.
Innowasion şäher gurluşygynyň ykrar edilen nusgasy bolan täsin şäher iň soňky maglumat tehnologiýalarynyň we özboluşly binagärlik çözgütleriniň toplumyny özünde jemleýär. Şunda Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň, belli daşary ýurt kompaniýalarynyň 40 töweregi güwänamasyna we diplomlara mynasyp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hytaýyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy şäheri ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň, şol sanda ony mundan beýläk-de giňeltmek we abadanlaşdyrmak, toplumlaýyn düzümleri kemala getirmek, şäher gurşawyny döretmek boýunça işleriň binýadynda ekologik çemeleşmeleriň durandygynyň aýdyň güwäsidir.
Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasy talaplaryň biridir. Bu bolsa şäheriň ilaty üçin amatly şertleri döredýär. Ähli binalardyr desgalar, iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary halkara ülňülere laýyklykda guruldy.
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde diňe bir durmuş düzümli desgalar däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalary hem ulanmaga berler. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine amala aşyrýan her gezekki iş sapary möhüm gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň giňişleýin tanyşlygy bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň desgalaryň ulanyş aýratynlyklaryna, ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli gymmatly maslahatlary taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.