TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýaşajyk türgenlere Arkadag sahawatyndan serpaý

Ýaşajyk türgenlere Arkadag sahawatyndan serpaý

Düýn agşamara Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda Aşgabat şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Munuň üçin bu halkara ýaryşyna gatnaşan ýaşajyk türgenleriň buýsanjynyň-begenjiniň çägi ýok. Milli Liderimiziň sowgadyna mynasyp bolan ýaş türgenleriň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Läle WEPAÝEWA,
Türkmenistan, küştüň rapid görnüşi boýunça altyn medalyň eýesi:

― 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşyna gatnaşyp, Türkmenistan Watanymyzyň adyndan çykyş edendigime we altyn medala mynasyp bolandygyma diýseň buýsanýaryn. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda geçirilen dabaraly çärede sportuň küşt görnüşi boýunça halkara ýaryşyna gatnaşan türgenlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan sowgatlaryň gowşurylmagy biziň şatlygymyzy has-da artdyrdy. Biz ― ýaş nesiller barada atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Albina KAIRBEKOWA,
Gazagystan, küştüň blitz görnüşi boýunça kümüş medalyň eýesi:

― Men öz ýeňşimi dünýä halklarynyň parahatçylygyna, asudalygyna we dost-doganlygyna bagyşlaýaryn. Ýagty geljege alyp barýan şeýle ýörelgeleri türkmen ilinde görendigime örän şat. Iri halkara ýaryşyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadaga hem-de hormatly Prezidente tükeniksiz sagbolsun aýdýaryn. Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda geçirilen dabaraly çärede bize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan sowgatlaryň gowşurylan pursatlary meniň üçin ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentiniň sowgat-serpaýlary üçin tükeniksiz alkyş aýdýaryn.

Islombek HUSANOW,
Özbegistan, küştüň blitz görnüşi boýunça altyn medalyň eýesi:

― Ýaryş örän çekeleşikli we gyzykly boldy. Özüm bilen deň-duş küştçüleriň örän oýlanyşykly, çylşyrymly kombinasiýalara esaslanýan oýunlary mende uly täsir galdyrdy. Biz eýýäm biri-birimiz bilen tanşyp, dostlaşyp ýetişdik. Bu ýaryşa gatnaşan ýaş türgenlere geljekde üstünlikleri arzuw edýärin, ýeňiş gazanan deň-duşlarymy gazanan medallary bilen gutlaýaryn. Bize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan sowgatlaryň gowşurylmagy ruhumyzy belende galdyrdy. Arkadag şäherini görmegiň özi unudylmajak ýakymly pursatlaryň biri boldy. Ýaş nesiller barada çynlakaý alada edilýän Türkmenistan döwletine gelip görendigime, halkara ýaryşa gatnaşandygyma tüýs ýürekden begenýärin.

2025-06-18290