TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadagyň akyldara sarpasy

Arkadagyň akyldara sarpasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyndan:

— Alym Arkadagymyz Gündogaryň nusgawy we türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä ýüzünde giňden tanalmagynda ägirt uly işleri bitirdi. Özüniň Magtymguly baradaky ylmy-edebi işleri bilen magtymgulyşynaslyk ylmynyň ösmegine uly goşant goşdy, onuň dünýä ýüzünde öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döretdi.

* * *

Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmekde, onuň pähim-parasata pürepür sözleriniň manysyny tirmekde Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleriniň örän uly ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragy hakda aýdan sözleri bize täze-täze pikirleri berýär. Täze pikirler bolsa täzeçe çemeleşmeleri ýadymyza salýar. Şeýdibem Magtymguly Pyraga düşünmek, ussadyň ägirtligine akyl ýetirmek üçin täze we üýtgeşik ýollary tapyp bolýar. Milli Liderimiziň çuňňur manyly pikirleri Magtymguly Pyragyny ylmy esasda öwrenmekde we öwretmekde, onuň öwütlerine amal etmekde mekdep bolup hyzmat edýär.

* * *

Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleri bize Magtymgulynyň dünýäsine çuňňur düşünmäge ýol görkezýär. Milli Liderimiz akyldar Magtymgulynyň döwletlilik hakdaky iň beýik arzuwlaryny, belent maksatlaryny hasyl eden Gahrymandyr. Magtymgula düşünmekde we ony düşündirmekde durmuş, döredijilik, döwlet dolandyryş mekdebini geçen halypalarymyzyň aýdan her sözi altyn guýmasy ýaly gymmatlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleriniň ählisinde-de Magtymgulynyň ruhy duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bolsa bize Magtymguly Pyragynyň dünýäsine köptaraplaýyn hem-de çuňňur düşünmäge ruhy itergi berýär.

* * *

Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürlerinden bina eden köňül heýkeli — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry şygryýetiň simfoniýasy ýaly ýaňlanýar. Goşgudaky täze garaýyşlar, pikir ýöretmeleriň täzeçe usullary, sözleri ussatlyk bilen ulanmak bu şygryň örän manyly hem-de maňyzly, akgynly hem-de labyzly bolmagyny üpjün edipdir.

2025-06-1858