
Küşt boýunça halkara ýaryş üstünliklere beslendi
Düýn paýtagtymyzda üç gün dowam eden Küşt boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdylar. Paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde halkara ýaryşyň netijeleri jemlenilip, onuň ýeňijilerine mynasyp bolan medallarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenilende, Watanymyz Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlarymyz aýratyn tapawutlanmagy başardylar.
Baýrakly orunlary eýelän zehinli ýaş küştçülere olaryň mynasyp bolan medallary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýaryşa gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar Aşgabatda geçirilen ýaryşyň ýokary derejesini hem-de ony geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri uly guwanç we höwes bilen aýratyn nygtadylar.
Günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen halkara ýaryşyna gatnaşyjylar Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, bu ýerdäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň binasynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra dabara gatnaşyjylar — Arkadag şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, wagyzçylar, halkara ýaryşyna gatnaşyjylar, şeýle hem Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri dabaranyň geçirilýän ýeri bolan «Märkaw» myhmanhanasynyň toý mekanyna geldiler.
Dabarada çykyş edenler Aşgabat şäherinde halkara küşt ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlap, bu bäsleşigiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýetini bellediler hem-de küşt sportunyň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi we wekilçilikli halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmäge döredilen hemme mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Aşgabatda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryşy sport diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň oňyn netijeler bilen begendirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi diýip, çykyş edenler aýtdylar hem-de ýaryşa gatnaşyjylary halkara sport çäresiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutladylar.
Soňra Aşgabat şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşyna gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan we Özbegistandan ýaryşa gatnaşan zehinli küştçi çagalar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlary bolan noutbuklary tüýs ýürekden hoşallyk bilen kabul etdiler. Şeýle hem sowgatlar ýaryşa gatnaşan çagalaryň ýany bilen Aşgabada gelen olaryň ata-enelerine, tälimçilerine we lukmanlaryna-da, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna gowşuryldy.
Sowgatlaryň gowşurylyş dabarasyndan soň, bu ajaýyp dabara mynasybetli ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.