TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Sungat diýmek näme, bilýärmisiňiz?!

Sungat diýmek näme, bilýärmisiňiz?!

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň döredijilik ussahanasyna ilkinji gezek gelip görüşimdi. Rejelenip goýlan heýkeller, olaryň gözelligi meni bada-bat sungat dünýäsine syýahata atardy. Halypa näme maksat bilen gelenimi duýan ýaly, gamyşgulak bedewiň heýkelini döredip oturan eken. Ussahanadaky heýkelleriň ählisini höwes bilen synladym. Olar göýä janly ýaly. Halypanyň kiçigöwünlilik bilen «Näme sowalyň bolsa, çekinmede aýdyber!» diýmegi söhbetdeşligimiziň bujagyny çöşläp goýberdi.

― Halypa, ýasan heýkelleriňizden hem görnüşi ýaly, siz ahalteke bedewleriniň çyn muşdagy bolmaly.

— Elbetde, bedewlerimiz bize ata-babalarymyzdan miras ahyry. Owalda-ahyrda her bir türkmen bedew ata atlanmaga höwesli. Menem şolaryň biri-dä. Ir döwürler obamyzda Guşçy aga diýen seýsimiz bardy. Ýanyna baryp, at münerdim. Süýji uky basmarlasa-da, säher gaýmagy syrylmazdan öň ýaşuly seýsiň ýanynda häzir bolardym. Bedewe atlanmagyň özi üýtgeşik duýgy. Şol oglanlyk höwesim şu görýän heýkelleriň agramly bölegini döretmegimiň ilkinji sebäbi boldy.

― Ilkinji ýasan heýkeliňiz hem, megerem, atyň heýkeli bolsa gerek?!

― Elbetde. Bedew atlarynyň heýkelini ýasamak üçin ussatlyk gerek. Işe girişmezimden ozal, ilki bilen, ýasajak heýkelimi doly öwrenýärin, synlaýaryn. Könelerimiziň aýdyşy ýaly, ýedi ölçe-de ― bir kesýärin.Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etmäni hem diýseň gowy görýärin.

― Sungatlar dogan hasaplanýar. «Galkynyşyň» sirk sungatynda görkezen üstünliginiň sizde galdyran täsiri?

― Dogry pikir. Hiç bir sungat biri-birinden üzňe däl. Olar döretmek diýlen bitewüligiň miwesi. Şol sebäpli ähli sungat elmydama täzeligiň gözleginde. Bedewlere bolan söýgim çagalygymdan bäri ençeme eserleri, köp goşgulary okamagyma sebäp boldy. Olar döreden heýkellerimde esasy ylham çeşmämiň biri bolsa, beýlekisi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary. Toparyň çykyşlaryna kän tomaşa etdim. Jigitlerimiziň we çalasyn gyzjagazlarymyzyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çykyşlary, çylşyrymly hereketleri hemmäni haýran galdyrýar. Bu ussatlygy, irginsiz zähmeti aňladýar. 2018-nji ýylda Akhanyň çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna gireni-de heniz göz öňümden gidenok. Ol türkmen atçylyk sungatynyň nobatdaky gazanan ajaýyp ýeňşi boldy. Şol pursatlary menem öz işlerime siňdiripdim. Olaryň biri ― «Akhan binasy» Arkadag şäheriniň günorta künjünde, Milli Liderimiziň Akhana atlanan şekili bolan «Arkadag Binasy» bolsa şäher häkimliginiň edara binasynyň öňünde ýerleşdirilen. Olar gözel şäheriň sadap hem-de altyn gaşlary ýaly bolup uzaklardan görünýär.

— Akhan — dünýä meşhur.

— Akhanyň çykyşa taýýarlanylyşyny kän gezekler synlapdym. Ata-babalarymyz «Ak zat alnyňa ýagşy» diýipdirler. Taryhymyza ser salanymyzda hem türkmen ulamalarynyň, han-begleriniň, soltanlarynyň köplenç, ak ata atlanandyklary baradaky maglumatlara duşmak bolýar. Umuman, behişdi bedewler halkymyzyň döreden bagtydyr. Şu ýerde bir zady ýatlamak isleýärin, olam türkmen bedewleriniň owazasy diňe bir Ýer ýüzüne däl, eýsem, arşa çykdy diýleni. Arkadag ady dakylan ýyldyzyň hem «Ganatly bedewler» (Pegas) ýyldyzlar toparynyň iň bir ýagty ýyldyzy bolmagy-da oňa mysaldyr. Ol — türkmen halkynyň Milli Lideriniň ahalteke bedewlerine bolan yhlasynyň miwesi. Goý, gamyşgulak bedewlerimiziň janköýerleri, olaryň şöhratyny jahana doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, işleri hemişe rowaç bolsun!

― Halypa, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň!

— Sagboluň!

2025-06-1856