
Gadymy medeni ojakda dörän şäher
Günorta tarapy örküçleşip oturan daglar bilen gurşalan düzlükde Milli Liderimiziň pähim-paýhasy bilen dörän Arkadag şäheri ýaýylyp, gözýetime tarap uzalyp gidýär. Onuň şähergurluşyk we binagärlik sungaty düýpgöter täze eýýamy açmak bilen, ol şol bir wagtyň özünde taryhy ösüşiň-de gönüden-göni dowamydyr.
«Arkadag şäheri ― geljegiň şäheri» atly ajaýyp kitapda Köpetdagyň eteginde, ýurdumyzyň iň gadymy we gözel künjekleriniň birinde Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän täze şäheriň gurluşy, binagärligi, ýol ulgamlary, suw-elektrik üpjünçiligi we beýleki düzüm bölekleri barada gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Kitaby okanyňda we suratlary bilen tanşanyňda, ak mermerli şäheriň ähli desgalarynyň ekologik taýdan arassa, amatly, halkara ölçeglere laýyk gelýän durumly gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilendigine göz ýetirýärsiň. Bu ýerde häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň hasabyna ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir. Muňa Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda dünýäniň abraýly guramalarynyň we kompaniýalarynyň gowşuran ýokary hil derejesini tassyklaýan diplomlarydyr güwänamalary aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň şähergurluşyk we binagärlik sungatynyň taryhy öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Diňe bir Türkmenistanda däl, hatda Ýer ýüzünde iň gadymy oturymly obalar we ýaşaýyş jaý gurluşygy hut Arkadag şäheriniň töwereginde ýüze çykypdyr. Arkadag şäheriniň golaý-goltumynda ýerleşýän Paryzdepede we beýleki birnäçe ýadygärliklerde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, mundan 7-8 müň ýyl öň Köpetdagdan akýan köp sanly çaýlaryň we çeşmeleriň boýunda ilkinji ekerançylaryň we maldarlaryň onlarça oturymly obalarynyň bolandygy, olaryň ilatynyň bir-iki otaglyja ýaşaýyş we hojalyk jaýlaryny gurmagy başarandyklary aýan edildi.
2016-njy ýylda Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän Paryzdepe ýadygärligine iki sapar baryp gördi. Megerem, şonda Gahryman Arkadagymyzyň goýnunda müňýyllyklaryň taryhyny gizläp oturan gadymy obanyň şöhratyny dikeldip, bu ýerde durmuşy täzeden janlandyrmak, geljegi nazarlaýan şäheri gurmak baradaky parasatly oý-pikirleri dörändir. Milli Liderimiziň sahawatly gadamynyň düşmegi bilen Paryzdepäniň daş-töweregi gülzarlyga öwrüldi. Ýadygärlige yşyklandyrylan ýol çekilip, onuň daş-töweregine saýaly baglar ekildi. Galanyň içinde gezelenç ýodajyklary guruldy. Gazylyp açylan we saklanyp galan arhitektura ýadygärliklerde rejeleýiş-abatlaýyş işleri geçirildi. Indi bolsa, şol gadymy oguz mekanynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan taslanyp, gysga wagtyň içinde düýbünden täze şäher guruldy.
Binagärlik senedi döräli bäri oňa üç sany häsiýet — berklik, peýdalylyk we gözellik mahsus bolupdyr. Arkadag şäherinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik-köpçülik, edara ediş, medeni, sport, saglyk, bilim we beýleki desgalaryň binagärliginde hem Türkmenistanyň taryhy-medeni we çeper mirasyny ulanmagyň hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanýan häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher guruldy. Garaşsyzlyk döwrüniň ägirt uly, gaýtalanmajak binagärlige eýe bolan, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dörän Arkadag şäheri türkmen halkynyň, sebitiň we dünýäniň guwanjyna öwrüldi.