TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Märkaw» myhmanhanasy

«Märkaw» myhmanhanasy

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehini bilen bina edilen Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasy özüniň ajaýyplygy bilen şähere görk berýär.

3.84 gektar meýdany eýeleýän döwrebap myhmanhananyň girelgesi özüniň kaşaňlygy bilen tapawutlanýar. Binany synlanyňda onda dünýä arhitekturasynyň gazananlarynyň milli äheňler bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýändigini görýärsiň. Esasy binanyň 2 ― 5-nji gatlarynyň hersi 50 otagdan, 6-njy gaty 22 otagdan, 7-8-nji gatlary 4 otagdan we 9-njy gaty 1 otagdan ybarat. 9 gatdan ybarat myhmanhanada 219 otag bolup, şolaryň 154-si adaty, 10-sy dört orunlyk adaty maşgala, 36-sy uly adaty, 10-sy delýuks, 6-sy komfort, 2-si maşgala üçin lýuks we 1-i apartament otaglardyr. Myhmanhana esasy binadan, toý mekanyndan we kömekçi binalardan ybarat. Ondaky «Märkaw» toý mekany iki gatdan ybarat bolup, hersi 500 adama niýetlenendir. Bu ýerde dürli derejeli şowhunlary, toý-baýramlary geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Esasy binada ýerleşýän 200 we 250 orunlyk kafelerdäki milli we daşary ýurt aşhanasynyň işdäaçarlarynyň, dürli tagamlarynyň we içgileriniň görnüşleri lezzete baýlygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň milli tagamlarynyň köpdürlüligi hem her bir myhmany özüne çekýär. Ýokary tizlikli Wi-fi ulgamynyň bolmagy hem häzirki zaman maglumat üpjünçiliginden doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Myhmanhanada sport bilen meşgullanmak, wagtyňy gyzykly geçirmek üçin ähli şertler bar. Bedenterbiýe zalynda türgenleşik üçin dürli enjamlaryň bolmagy, bilýard zaly, ýapyk görnüşli uly, kiçi howuzlar we daşky howuz, futbol meýdançasy, stol tennisi, vip otagy, dellekhana dynç alşyň ýatda galyjy bolmagyny üpjün edýär. Lukman otagynyň bolmagy myhmanlaryň saglygyna uly ähmiýet berilýändigini we myhmanhananyň halkara ülňülere laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.

Bir söz bilen aýdylanda, Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde özüniň gaýtalanmajak görki-görnüşi bilen mynasyp orun alan «Märkaw» myhmanhanasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize gelýän myhmanlary we işewürleri gujak açyp garşylaýar. Bu ýerde halkara çäreleriň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegi hem-de oňa gatnaşyjylaryň myhmanhanada bolup, halkymyzyň milliligi, baý mirasy, däp-dessurlary bilen tanyşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ýerde 2023-nji ýylda «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi bu bellenenleriň aýdyň beýanydyr.

2025-09-1017