
Kalby aýdymly şahyr
Şahyr Gara Seýitliýew 1915-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda dünýä inýär. Onuň ady häzirki zaman türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň hatarynda ýatlanylýar. Şahyr hakda birnäçe ýakymly ýatlamalary ýaşululardan eşidipdim. «Şahyr goşgy okanda aýdym aýdýan ýaly edip okaýardy. Onuň owadan gözlerindäki joşgun, ellerini mylaýym galgadyşy, hiňlenişi hakyky zehindi» diýip ýatlaýardylar.
Ýar güldi, ýazyldy ýaryň gaşlary,
Ýakut ýaňaklary ýandy ýalbyrap...
Güller gözelligi senden öwrener,
Göz degmesin, Gülüm, gül çagyň seniň.
Bu çeşme suwy ýaly akgynly setirlere misli gözellik suwy çaýylan ýaly. Olary aýdym edip aýdybermeli. Şonuň üçin Gara Seýitliýewiň şygyrlary aýdyma juda gelüwli. Şol şygyrlar ülkämiziň kompozitorlarynyň aglabasyny aýdym döretmäge ruhlandyrýar. Döredilen aýdymlar bolsa halkyň söýgüsini gazanýar. Käbiri halk aýdymlary ýaly
il arasynda meşhur boldy. Gara Seýitliýew aýdymçy şahyrlaryň kerwenbaşylarynyň biridir. Ol köp aýdym ýazan şahyr hökmünde tanalýar. Şahyryň ýakyn dosty Kerim Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly, onuň on iki synasy aýdymdan doludy. Şahyryň sözlerine has köp eserler döreden kompozitor bolsa şahyryň ýakyn dosty, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Öwezow bolupdyr. Onuň mazmuna baý goşgulary, olaryň üýtgeşik şahyranalygy, düzüliş aýratynlyklary bu kompozitory hemişe özüne çekipdir. 100-den gowrak aýdymy, «Zähmet soňy rehnetdir» atly wokal-simfonik poemany, şahyryň dramaturg Güseýin Muhtarow bilen bilelikde ýazan librettosy esasynda Adrian Şapoşnikowyň hyzmatdaşlygynda «Aýna» operasyny döredipdir. Şonuň üçin halypa kompozitor Aşyr Kulyýew Gara Seýitliýew bilen Daňatar Öwezowyň gatnaşygyny «Joşgunly zehinleriň joşgunly hyzmatdaşlygy» diýip atlandyrar eken. Aýdymlary ile ýaýmakda ussat bagşy Hojaw Annadurdyýewiň hem hyzmatyny bellemek gerek. «Balykçynyň aýdymy», «Gözel Pöwrize», «Joş, kanalym», «Hally gözel», «Täzegül», «Gyzlar» ýaly aýdymlar ilkinjileriň biri bolup, onuň aýtmagynda diňleýjilere ýetirilipdir.
Her gezek mekdebi büräp duran baglara seredenimde şahyryň şu goşgy setirleri ýadyma düşýär:
— Dünýäden gitmesin hiç kim bergidar,
Iň bolmanda bir agaç eksin ýadygär,
Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýäň kitabynda onuň ady bar.







