
«Akylly» şäherde onuň ady bar
«Akylly» şäherdäki döwrebap köçeleriň biri Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, şahyr Gara Seýitliýewiň adyny göterýär. Şäheriň günortasyndaky bu köçe Gurbannazar Ezizow, Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow köçeleri bilen kesişýär. Bu aýna ýaly tekiz köçede döwrebap yşyklandyryş ulgamy, wideogözegçilik enjamlary, ýolyşyklar oturdylan. Uzaboýuna görk berýän ýaşyl baglar bolsa aýratyn bezeg berýär. Köçäniň iki tarapyna-da görk berýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hataryny görüp, olaryň arka tarapyndaky çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalaryndan bagtyýar körpeleriň eşidilýän gülki sesleri şahyryň «Baky şatlyk üçin geldik jahana» diýen goşgy setirini biygtyýar ýadyňa salýar.







