Owazly filmiň owazasy
Bu günki gün türkmen kino sungaty ösüşli menzilleri gulaçlaýar. Muňa ýurdumyzda geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwaly hem dolulygyna şaýatlyk etdi. Şol halkara kinofestiwalyň öz işini tamamlamagy bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabarada tapawutlanan artistlere, döredijilik toparlaryna baýraklar gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Milletimiziň baý medeni mirasyna, inçeden nepis, özboluşly, milli çeperçilik däp-dessurlaryna daýanyp, ösüşler ýoluna düşýän türkmen kino sungaty halkymyzyň üçünji müňýyllykda gazanýan zähmet ýeňişlerini Ýer ýüzüne wagyz etmekde uly işleri amala aşyrmalydyr» diýen sözlerinden ruhlanýan türkmen kinoçylary bu kinofestiwalda abraýly baýraklara, sylaglara mynasyp boldular. Olardan biri festiwalyň eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp bolan Maksat Gylyjowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Kompozitor» atly doly göwrümli filmdir. Film gönüden-göni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärliginde we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde surata düşürilendir.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümi bolan «Kompozitor» atly film kompozitorlyk sungatynyň syrly dünýäsine, sazyň güýjüne bagyşlanýar. Film Milli Liderimiziň «Lukman bedeni bejerýän bolsa, sungat — sagaldyjy, şypa beriji täsir etmek bilen, adamyň ruhy-ahlak dünýäsine gönügendir» diýen ganatly sözlerinden başlaýar.
Filmde Bah, Mosart we Bethowen ýaly saz dünýäsiniň beýik ägirtleriniň, türkmen kompozitorçylyk sungatynyň parlak ýyldyzy Nury Halmämmedowyň sarpasy belent tutulýar. Eserde Merdan atly ýaş ýigidiň üýtgeşik kompozitorçylyk zehininiň bardygy mälim bolýar. Sazyň güýji bilen Merdan tansçy gyz Maýa bilen tapyşýar, toý edýärler. Ýöne bu begenç uzaga çekmeýär. Merdan alsgeýmer keseline sataşýar. Lukmanlar bu keseli bejerip bolmaýandygyny aýdýarlar. Ýöne esli wagtdan soň, sazyň güýji ony şeýle agyr keseldenem halas edýär. Filmde täsin wakalar, dartgynly pursatlar, täsin sazlar, dürli nota şekilleriniň täsirliligi öz beýanyny tapýar. Bu film türkmen kino sungatynyň ösüş ýolunda aýgytly gadamy boldy diýsek ýalňyşmarys. Muňa diňe bir türkmen tomaşaçylary däl-de, eýsem, festiwala gatnaşan daşary ýurtly kinorežissýorlar, kinoaktýorlar, kinotankytçylar, dokumentalistler we prodýuserler ýokary bahalaryny berdiler.
Filmde baş rollarda çykyş edenler özlerine ynanylan keşbe jinnek ýalyjak hem biparh garamadylar. Çünki filmdäki her bir hereket, her bir söz saz bilen, sazlaşykly ýaşaýyş bilen utgaşdyrylýar. Filmiň maksady zehiniňi ýüze çykarmak, soňra kämilleşdirmek, ruhdan düşmelere ýol bermezlik, bir söz bilen aýdanyňda, bar bolan gözellikleri duýup, ondan lezzet alyp ýaşamagy tomaşaça ýetirmek bolup durýar. Bu gün bize ol maksatlar myrat tapandyr diýmäge-de esas bar.