Ýollarymyz — ýürekleriň ýylysy
Döwrüň derwaýys desgalary
Ilimizde gadymdan bäri ýörgünli bolan «Toý bir bolup dursun!» diýen senaly sözlerde nije many bar. Toýlar! Taryhy toýlar! Tutumly toýlar! «Gurýan döwlet gurpludyr» diýilýär. Elbetde, gurmak — gurpdan. Edil şonuň ýaly, toýlar hem tutumlylykdan, gurp-gurbatdan nyşan. Toýlaryň toýa ulaşyp, Garaşsyzlyk baýramymyzyň golaýlap gelýän günlerinde yzly-yzyna iri-iri çäreleriň çawy diňe bir ýurdumyzda däl-de, Watanymyzyň giňişliginden dostlukly döwletlere çenli dag aşdy. Türkmenistanyň maýa goýum forumy ählumumy ähmiýetliligi bilen taryhy waka boldy.
Geçen hepdäniň sişenbe güni hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda çäräniň ähmiýeti, iri göwrümli durmuşa geçirilen taslamalar hakda aýdyp: «Ertir hem siziň bilen bilelikde Türkmenistanyň öz maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan uly möçberli taslamanyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralarynyň şaýady bolarys» diýipdi. Gör, nähili beýik başlangyçlar, belent sepgitler, täze tutumlar!..
Biz şol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdan taryhy wakalaryň geçýän ýerine baýramçylyk ruhunda ugur aldyk. Ägirt-ägirt işler, düýpli taslamalar. Ýurdumyza, halkymyza, milletimize mertebe. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir işiniň anyklygyndan, aýdyňlygyndan nyşan. Oňyn içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subuty.
Ugrumyz ýurdumyzyň guşluk çetine. Geçmişde «Guşgy» diýip atlandyrylan gadymy Serhetabada. Mary — Serhetabat gatnawly otly bilen gidip barşyňa, ýoluň uzaklygy seni ýurdumyzyň çäginiň giň-giňişdigi hakyndaky oýlara atarýar. Hak nazary düşen türkmen topragyna ýer berekedi hem berlipdir. Uzak ýol. Ýola gitseň, uzaga git, goňşym diýip golaýa. Aňrysy-bärsine gözýetmez uzak ýol gözýetime giňlik. Demir ýol ulagynyň kuwwatly sesi hem dabaralara howlugýan ýaly duýulýar.
Tutumly toýlar!
Ir ertir. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň salkyn säheri. Sähraýy ýerde belentli-pesli baýyrlyklar. Çäräniň geçýän ýeri bolan «Islim-Çeşme» serhet nokadynda gupba ýaly ak öýler dikilipdir. Düýeler goňşy illerden menzil aşyp ýaňy gelen kerweni ýatladýar. Göýä sen bir pursat hem bolsa ata-babalaryň şol ýaşap geçen milli durmuşyna dolanýarsyň. Gawun-garpyzyň, gök-bakja miweleriň sergisi — topragymyzyň bereket-bolçulygynyň sergisi. Atarylan hatar-hatar toý gazanlarynyň bugy şu günki toýuň tutumyna belende göterilýän ýalydy. Ýol gyrasyndaky suratlar hem şol tutumly işleriň tarypnamasydy. TOPH, elektik geçirijisi, ulag ulgamy, nebitgaz ýatagy, toplum-toplum işler... garaz, suratlary synladygyňça synlasyň gelýär.
«Ýol baran ýere il barýar»
Dabara öz ähmiýeti ýaly ýokary derejede guralypdyr. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyşyna, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň ulanmaga berilmegine, birnäçe desgalaryň gurluşygyna ak pata berdi. Ýedi sany iri taslama, sanasaň sogaby bar diýleni. Arkadagyň ak ýoly — akýürekliligiň ýoludyr. Açyklygyň, abadançylygyň ýoludyr. Doganlyk-dostluk ýoludyr. Gahryman Arkadagymyzyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky Çykyşynda döwrüň bu desgalarynyň derwaýyslygyny aýtdy. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek... Mahlasy, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ýol baran ýere il barýar.
Ösüş arkaly parahatçylyk
Türkmeniň ýoly — sahawat ýoly.Türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanmasy boldy. Ýurdumyzyň Owganystan bilen şeýle ynsanperwer, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegi dünýä ýüzünde hem goldaw tapýar. Milletler Bileleşigi sebit meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň belentligini doly tassyklaýar. Çünki döwletimiziň alyp barýan syýasaty pugta parahatsöýüjilik, ählumumy howpsuzlyk, ynanyşmak, durnukly ösüş.
Öňňin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Astana sammitinde «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky çykyşynda: «Sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri Owganystandaky ýagdaýdyr. Biziň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahamyz häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýar» diýip bellemegi iňňän ähmiýetli boldy. Türkmenistanyň hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda öňe sürlen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýadaky däl, eýsem, tutuş dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini görkezýär. Milli Liderimiziň dünýä nusgalyk ak ýoly ösüş arkaly parahatçylygy dünýä jar edýär.
Jemleme
Megerem, siz üçinem şeýledir. Şu günler sentýabryň sergin-sapaly howasy-da hoştaplyk eçilýär. Göýä diýersiň, howanyň tereňligi ýakymly söhbetlere, Garaşsyzlyk toýumyza aýratyn ýakym bagyşlaýan ýaly. Çünki halkynyň kalby deý ýyly-mähirli ýurt — bu biziň ýurdumyz Türkmenistandyr. Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň dünýä uzaýan ýollary hem ýüreklere ýylylykdyr.
Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.
Arkadag — Serhetabat — Arkadag.