TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri bil...

Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri bilen duşuşdy

Şu gün, 19-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyň Patyşalyk maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid ben Muhammed Al Saud bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyza Saud Arabystanyň Patyşasynyň we Mirasdüşer Şazadasynyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Şeýle-de düýn ýurdumyzda bellenilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. 
Myhman Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna ýokary baha berdi. 
Saud Arabystanyň Patyşalyk maşgalasynyň agzasy Milli Liderimize Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy sebäpli çuňňur gynanjyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz aýdylan sözler üçin minnetdarlyk bildirdi. 
Mundan başga-da, duşuşygyň çäginde iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy.

2023-05-19556