
Şygry bilen ýol salan
Ogulsona SEÝITLIÝEWA,
şahyryň agtygy:
— Atam — Gara Seýitliýewiň üç ogly bolup, olar: Myrat, Ilmyrat, Akmyrat. Men onuň körpe ogly Akmyradyň gyzy. Atam aradan çykanda kakam 11 ýaşynda eken. Enem Zinaida Seýitliýewa üç perzendi ýigit çykynça, maşgalanyň ähli keşigini çekipdir. Enem tä ömri paýawlaýança, atamyň şahsy kitaphanasyny aýawly saklapdyr. Ol bu edähedini öz perzentlerine-de miras goýupdyr. 2011-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan atamyň saýlanan eserleri, ýagny goşgular toplumy çap edildi. Bu eserler ýygyndysyndaky şygyrlaryň ählisi diýen ýaly halkymyzyň kalbyndan orun aldy, söýlüp aýdylýan aýdymlara öwrüldi. Aýdymlaryň içinde atamyň söwer ýaryna bagyşlap ýazanlary-da bar. «Diňe söýgülimiň şeýle gözleri bar, // Şol gözlere men-ä intizar» diýlen setirli «Intizar» atly goşgusyny bilmeýänler az-azdyr. Bu aýdym diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, ony doganlyk halklaryň tanymal aýdymçylary-da ýerine ýetirýärler. Şeýle-de «Aşgabat», «Ene ýüregi», «Gaşy sürmeli», «Daň şemaly» ýaly birnäçe goşgularyň-da şeýle söýgüli aýdymlara öwrülendigini nygtamak gerek. Halk öz ýüregine ýol salan ussatlary hiç wagt unutmaýar. Olaryň hormatyny hemişe belentde saklaýar. Arkadag şäheriniň döwrebap köçeleriniň birine-de atam Gara Seýitliýewiň ady dakyldy. Goý, Watan ogullarynyň adyny ebedileşdirýän, olaryň mirasyna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!







