TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Arkadag» futbol topary 10-njy resmi duşuşygyny geçirdi

«Arkadag» futbol topary 10-njy resmi duşuşygyny geçirdi

Şu ýyl döredilen «Arkadag» futbol topary geçiren resmi duşuşyklarynyň sanyny 10-a tegeledi.  Topar ýubileý duşuşygyny Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň çäginde «Köpetdag» bilen geçirip, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy we ýarym finala çykdy.
Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik zehininden bina bolýan täze şäheriň adybir futbol toparynyň öz ýoluna üstünlikli girişendiginden siz hem habarlysyňyz. Biz bu babatda paýlaşan habarlarymyzda hem ýazypdyk. Şu makalamyzda bolsa toparyň ilkinji 10 resmi duşuşygynda geçen ýoluna gysgaça nazar aýlamagy makul bildik.
Ilkinji aýdylmaly zat «Arkadag» futbol toparynyň şol duşuşyklaryň ählisinde hem ýeňiş gazananlygydyr. Taryhynda ilkinji resmi duşuşygyny şu ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň çäginde Marynyň «Merwi» bilen geçiren topar 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, turuwbaşdan janköýerlerini begendirdi. Hüjümçi Didar Durdyýew bolsa «Arkadag» futbol toparynyň resmi duşuşyklardaky ilkinji pökgüsini geçiren oýunçy hökmünde taryha girdi.
Topar şondan dört gün soň paýtagtymyzda ýene-de Mary welaýatyna wekilçilik edýän topary ― «Energetigi» kabul etdi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň kubogynyň deslapky tapgyrynyň çäklerinde geçirildi. Şol gün garşydaşyny 4:0 hasabynda ýeňen «Arkadag» topary şol duşuşykdan bäri ähli garşydaşlarynyň derwezesinden azyndan dört pökgüden geçirip gelýär.
25-nji aprel güni topar özüniň ilkinji myhmançylykdaky duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde Aşgabadyň «Köpetdagy» bilen geçirildi. Duşuşyk 4:0 hasabynda «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Türkmen futbolynyň taryhynda şanly sahypalary ýazmagyna garaşylýan topar milli çempionatyň 4-nji tapgyrynda paýtagtda «Şagadamy» hem edil şu hasap bilen ýeňdi. 2-nji maý güni bolsa «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň deslapky tapgyrynyň Mary şäherinde geçirilen jogap duşuşygynda-da «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz dört pökgi geçirdi.
Paýtagtymyzyň «Aşgabat» futbol topary täze toparyň derwezesinden bir oýunda iki pökgi geçirip bilen ýeke-täk topardyr. Ýöne 5-nji maý güni çempionatyň 5-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen şol duşuşykda paýtagtymyzyň adybir topary öz derwezesini «Arkadag» futbol toparynyň wekilleriniň 4 pökgüsinden halas edip bilmedi.
Kubok ýaryşynyň deslapky tapgyryndan üstünlikli geçen «Arkadag» topary 9-njy maý güni ýaryşyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşygynda «Köpetdagy» 5:1 hasabynda ýeňip, Ýeňiş gününde ýeňişleriniň üstüne ýene birini goşdy. Şondan dört gün soňra Balkanabatda ýerli «Nebitçi» «Arkadag» futbol toparyndan 0:5 hasabynda asgyn geldi.
Iki duşuşykda 8 pökgi geçirip, «Energetigi» Kubok ýaryşyndan çykaran topar 17-nji maý güni bu topar bilen Mary şäherinde Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynda hem duşuşdy. Duşuşyk 5:1 hasabynda «Arkadag» futbol toparynyň peýdasyna tamamlandy. Dek düýnüň özünde 10-njy resmi duşuşygyny geçiren topar Aşgabadyň «Köpetdagy» bilen soňky bir aýdan hem az wagtyň dowamynda üçünji gezek duşuşyp, bu gezek Kubok ýaryşynyň çärýek finalynda 4:1 hasabynda ýeňdi.
Ýokarky maglumatlardan hem görnüşi ýaly, «Arkadag» futbol topary ilkinji 10 resmi duşuşygynyň 6-syny Türkmenistanyň çempionatynda, 4-sini Kubok ýaryşynda geçirdi. Topar şol duşuşyklarda garşydaş derwezelere 41 pökgi geçirdi, garşydaş toparlar bolsa «Arkadag» toparynyň derwezesine bary-ýogy 6 gezek ýol tapyp bildiler.
Ilkinji 10 resmi duşuşygynda toparyň futbolçylarynyň 15-si tapawutlandy. Olaryň içinden hüjümçi Didar Durdyýewiň 10 duşuşykda 15 pökgi geçirendigini bolsa aýratyn nygtamak gerek. Şeýle hem bu duşuşyklarda Begenç Akmämmedow 4, Arslanmyrat Amanow bilen Yhlas Toýjanow 3, Altymyrat Annadurdyýew, Resul Hojaýew, Şanazar Tirkişow, Begmyrat Baýow we Mekan Saparow dagylar 2, Arzuw Sapargulyýew, Orazberdi Myradow, Güýçmyrat Annagulyýew, Mihail Titow, Abdy Bäşimow we Yhlas Saparmämmedow bolsa bir gezekden tapawutlandy.
Alty duşuşykda 18 utuk toplap, Türkmenistanyň çempionatynda ýaryşyň başyny çekýän we Kubok ýaryşynda ýarym finala çykmagy başaran topar gün-günden kämilleşýär. Tälimçiler düzümine we futbolçylara döredilýän şertler gazanylýan ýeňişleriň esasy sebäbidir. Ilkinji 10 duşuşygyna şeýle üstünlikleri sygdyryp bilen topara geljekde hem Watanymyzyň sport abraýyny dünýä ýaýmakda ak ýollary arzuw edýäris!

2023-05-20480