TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde beýik maksatlary özünde jemleýän giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň merkezi künjeginde taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy. Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýerli çig mallar barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanylýan möçberleri baradaky maglumatlara degişli çyzgylar görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin bolsa döwrebap usullaryň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy ýerine ýetirilýän işleriň döwrebap bolmagynda ähmiýetlidir.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar hem-de bu ugurda häzirki döwrüň iň kämil tejribesini içgin öwrendiler.

Lukman Arkadagymyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilmeginiň, olaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologiýa we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalaryň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik düzümlerinde taýýarlanjak serişdeleriň we enjamlaryň hil derejesine, olaryň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň Başlygy D.Orazowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheri «akylly» şäher bolmak bilen, döwrebap ýaşaýyş toplumyny, durmuş maksatly binalaryň ençemesini özünde jemleýär. Täze şäherde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, sagdynlygynyň we döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň, düşek daşlyklarynyň öndürilýändigi barada aýtdy. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.

Lukman Arkadagymyz başy başlanan işiň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu önümleri ulanmak we sarp etmek boýunça gollanmalary, düzgünnamalary taýýarlamak hem-de degişli usulyýet işini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem ýurdumyz boýunça sarp ediljek bu önümleriň zerur bolan mukdary barada maglumatlar taýýarlanylmalydyr.

Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynda işlenip taýýarlanylýan polipropilenleriň hil we ekologiýa derejesiniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew ýurdumyzyň polipropilen hem-de polietilen önümlerinden taýýarlanýan we lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlaryny ulanmak babatda ägirt uly geljeginiň bardygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk önümlerini öndürmekde zerur bolan degişli çig mallaryň üpjünçiliginiň, şeýle hem ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallara we önümlere degişli standartlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda halkara ISO güwänamalarynyň alynmagy boýunça degişli işler amala aşyrylmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda we duz ýataklarynda ýerine ýetirilýän ylmy işler, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawodynda abatlaýyş işleri geçirilende halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropileniniň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzyň duz ýataklarynda, konserne degişli kärhanalarda halkara görkezijilerine laýyk gelýän lukmançylyk duzuny almak boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunda ulanylýan çig mallara degişli standartlaryň kabul edilmegi we olara halkara güwänamalarynyň alynmagy boýunça zerur tagallalar edilmelidr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow häzirki döwürde degişli düzümler bilen bilelikde lukmançylyk önümlerini satyn almak üçin maliýe meselelerini işjeň öwrenmek babatda zerur işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi. Şunda lukmançylyk serişdeleriniň zerur bolan mukdarlaryny kesgitlemek boýunça degişli düzümler bilen bilelikde zerur işler geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz öndürilýän önümlere degişli standartlaryň ýurdumyzda kabul edilmegini we sertifikatlaşdyrylmagyny üpjün etmek, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallara we önümlere degişli standartlaryň, olara güwänamalaryň, şol sanda halkara ISO sertifikatlarynyň alynmagy boýunça işleri düzgünleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümlerine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «satyş markasyny» resmileşdirmek we degişli patentleri bermek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, beýleki ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýylyň dowamynda zerur bolan önümleri satyn almak babatda maliýeleşdiriş çeşmeleri kesgitlenmelidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň Başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik desgalarynyň bina edilmegi, oňa gatnaşýan ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň sanawyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Lukman Arkadagymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bar bolan çig mallary ýokary derejede gaýtadan işläp, olardan ekologiýa taýdan arassa we ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidigini belledi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde, gündelik durmuşynda zerur bolan önümleriň önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny ýola goýmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün eder.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu işleriň ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän gaznanyň işiniň ilermegine oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak bilen bir hatarda, önümçilik kuwwatlyklaryň ýokary ekologiýa derejesine laýyk gelmek meseleleriniň ünsden düşürilmeýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologiýa derejesi, olaryň dermanlyk häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan dermanlyk serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Arkadag şäherinde dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda iň döwrebap “akylly” şäheriň peýda bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň çäginde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalarynyň gurluşygy, olarda ýola goýulmagy meýilleşdirilýän önümçilikler babatda giňden wagyz edilmelidir.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik kuwwatlyklarynyň, aýratyn-da, lukmançylyk edaralarynyň ýokary hilli gurluşygy bilen bir hatarda, olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesi baradaky maglumatlar metbugat serişdelerinde öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegine we ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklarynyň artmagyna gönükdirilen giň möçberli işler bilen dünýä jemgyýetçiligiň tanyşmaklarynda ähmiýetlidir. Bu işde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işjeňlik görkezmelidirler.

Türkmen topragynda bar bolan çig mallardan we ekologiýa taýdan arassa çeşme suwlaryndan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriniň mukdaryny artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu önümleriň içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen bir hatarda olaryň eksport mümkinçilikleriniň artjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

2024-06-09971