TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Ak guşlar ganat ýaýyp bezeg bersin asmana»

«Ak guşlar ganat ýaýyp bezeg bersin asmana»

Neda BERGER,
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy:

— Arkadag şäherinde Wena baly eýýäm ikinji gezek geçirilýär. Bu şäherde VI Wena balynyň geçirilmegi, halklaryň baý medeni durmuşyna aýratyn bir bezeg berýär. Iki ýüz ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Ol wagtyň geçmegi bilen özüniň meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň köp ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi. Wena balynyň geçirilmegi öz gözbaşyny Gahryman Arkadagyň 2008-nji ýylda Wena bolan saparyndan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagyň ýardam-goldawlary bilen bilelikdäki döredilen türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri hem bu ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşanydyr. Iki halkyň medeni gatnaşygy 16 ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelýär. Bu Wena baly hem ýatdan çykmajak taryhy waka bolup, dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar. Diňe bir bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, türkmen halkynyň baý mirasyny dünýä tanatmaga hem ýardam edýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýäniň beýik akyldarynyň hormatyna döredilen «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» medaly bilen sylaglanmagym hem-de Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge beren goldawlary we bu halkara çäräniň ýokary guramaçylygy üçin Gahryman Arkadaga we Arkadagly Gahryman Serdara çäksiz hoşallygymy bildirýärin.

2024-10-1617