TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz»

«Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz»

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Ilki bilen, dostlukly ýurduň Baştutany Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak barada iberen çakylygy hem-de bu şanly senäniň hormatyna döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Milli Liderimizden haýyş etdi. Akyldar şahyr eserlerinde parahatçylyk söýüjilik, ýagşylyk, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edipdir. Onuň edebi mirasy häzirki wagtda-da öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berilýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi hem-de Aşgabatda geçirilen halkara forumyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň çäklerinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

2024-10-1663