TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Dostlugyň ýoly

Dostlugyň ýoly

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelýändigini, şu günler şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň hem giňden baýram edilýändigini aýdyp, hemmeleri bu şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň adyny dakmak biz üçin uly hormatdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Kardiologiýa merkeziniň direktory Hans Maýsnere söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz myhman bilen bilelikde durky täzelenen şaýoluň başlanýan ýerinde ýerleşdirilen «Professor Hans Maýsner şaýoly» at ýazgysynyň örtügini dabaraly ýagdaýda açdy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşyklarynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin degişli ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berilmegi, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň», «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de olary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bolsa ulgamyň binýadyny berkitmekde möhüm ädim boldy.

2024-10-1663