TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Parahatlyk sungat bilen gül açar»

«Parahatlyk sungat bilen gül açar»

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşynda özboluşly hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi. Döredijilik çäresi iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýar.

Bu gezekki Wena balynyň hormatly myhmany bolan Gahryman Arkadagymyz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite gurnalan münberde dabara gatnaşyjylary gutlady.

Wena balynyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, dabaralar «Gahryman Siz, Arkadag!» atly watançylyk häsiýetli kompozisiýa bilen açyldy. Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestriniň ýerine ýetirmeginde däp bolan «Polonez» atly çykyşyň ilkinji owazlary ýaňlanýar. Oňa awstriýaly dirižýor, «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfonik orkestriniň çeper ýolbaşçysy Wolfgang Harrer dirižýorlyk etdi.

Ýewropa ballaryny açýan dabaraly tansly çykyşda horeografik topara wekilçilik edýän onlarça tansçy jübüt meýdança çykýar. Olar sazlaşykly hereketleri bilen ajaýyp tanslary ýerine ýetirýärler. Milli we dünýä nusgawy saz sungatynyň hazynasynyň meşhur eserleri, şol sanda I.Ştrausyň, D.Şostakowiçiň, F.Legaryň, B.Prawiniň we beýlekileriň sazlary dabaranyň maksatnamasyny emele getirdi. Bu ýerde Ç.Nurymowyň, W.Muhadowyň, R.Rejepowyň hem-de beýlekileriň meşhur eserleri hem ýaňlandy.

Türkmenistanlylar bilen sungat baýramçylygynyň şatlygyny paýlaşmak üçin ýyldyz aýdymçylar Ameliýa Hoý we Konstantin Rittel-Kobylýanskiý ýurdumyza geldiler. Tansçy jübüt Dimitar Stefanin hem-de Irina Grasser Iogann Ştrausyň «Mawy Dunaý» atly ajaýyp sazyna wals tansyny ýerine ýetirip, ýokary ussatlygyny görkezdiler. Dabara Döwlet tans topary, «Meňli», «Serpaý», «Galkynyş», «Näzli», «Aşgabat» tans toparlary, «Ruhubelent çagalar», «Şowhun» çagalar döredijilik toparlary, «Mukam» ýaş skripkaçylar topary we beýlekiler gatnaşdylar. Her bir aýdym-sazly çykyş ýurdumyzyň belli tans toparlaryna wekilçilik edýän jübütleriň tans çykyşlary bilen utgaşdy. Wena balynyň köp sanly gatnaşyjylarydyr myhmanlary çykyşlary aýratyn şowhun bilen garşyladylar. VI Wena baly ýurdumyzyň artistleriniň parahatçylygyň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Watanymyzy wasp edýän «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan» atly aýdym bilen tamamlandy.

Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar netijeli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge berýän yzygiderli goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

2024-10-1663