TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Getirýär ähli ýollar bu gün Türkmenistana»

«Getirýär ähli ýollar bu gün Türkmenistana»

11-nji oktýabrda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Foruma gatnaşmak üçin dünýäniň ençeme ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary, Parlament ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar ýurdumyza geldiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ýokary derejeli myhmanlaryň ençemesi bilen duşuşdy.

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Baştutanynyň Türkmenistana amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary medeni-ynsanperwer ugurda has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

* * *

Şeýle hem şol gün Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy. Duşuşyk mahaly Milli Liderimiz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi.

* * *

Gahryman Arkadagymyz şol gün ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň okgunly we netijeli häsiýeti bellenildi.

* * *

Gahryman Arkadagymyz şol gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow bilen hem duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belledi.

* * *

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen belent mertebeli myhmany mübärekläp, bu wakanyň diňe bir döwletleriň däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň hem ünsüni çekendigini belledi.

* * *

11-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Milli Liderimiz goňşy ýurduň Baştutanyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşmaga ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

* * *

Şol gün Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

* * *

Türkmen halkynyň Milli Lideri şol gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen hem duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystanyň Baştutanyny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

* * *

Milli Liderimiz 11-nji oktýabrda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşdy. Duşuşyk mahaly Prezident Şawkat Mirziýoýew dostlugyň we aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza özbek diline terjime edilen «Magtymguly» atly kitaby sowgat berdi.

* * *

11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu wekilçilikli foruma gatnaşandygy üçin rus Liderine minnetdarlyk bildirdi we ony bu şanly waka gabatlanyp döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

* * *

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen hem duşuşdy.

Hanym Neda Berger Arkadag şäherinde VI Wena balynyň üstünlikli geçirilendigini we bu möhüm çäräniň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän ýylda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetini belledi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

2024-10-1662