TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Myhmanlar arzyly mekanda

Myhmanlar arzyly mekanda

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on üçünji mejlisine gatnaşmaga gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine gezelenç etdiler.

Gezelenjiň dowamynda myhmanlar Türkmenistanyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardylar. Myhmanlar bu ýerde ata Watanymyz Türkmenistanda türkmen bedewlerimize näderejede üns berilýändigini hem-de döwrebap atçylyk sport merkeziniň binagärlik aýratynlygy bilen tanyş boldular.

Dünýäde özüniň tebigy gözelligi, duýgurlygy bilen hem-de ynsanyň wepaly dostuna öwrülen ahalteke bedewleri myhmanlaryň ünsüni çekdi. Myhmanlar ýurdumyzda ýelden ýyndam ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň ýokary derejede saklanýandygynyň gözli şaýady boldular.

Özleriniň iş saparynyň dowamynda türkmen bedewiniň täsin aýratynlyklary hem-de «akylly» şäher bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny aýtdylar.

2024-10-1656