TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gymmatly ylmy gollanma

Gymmatly ylmy gollanma

Täsin tebigatly, dermanlyk ösümliklere baý mekanymyzda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserleri türkmen tebigatynyň täsin ösümlik dünýäsini öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly neşiriniň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitabynyň XVI jildiniň neşir edilmegi saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyna hem-de tutuş halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylmagy, şeýle hem «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitabynyň XVI jildiniň täze neşiriniň tanyşdyrylmagy her bir ildeşimiziň baýramçylyk buýsanjyny goşalandyrdy.

Lukman Arkadagymyzyň bu eseri ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, melhemlik içgilerini taýýarlamagyň, dermanlyk ösümlikleri ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Täze neşirde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk, Watan we eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

2024-10-1623