TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri»

«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri»

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawynda

Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşyjy myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň öňünde duz-çörek hem-de aýdym-saz bilen garşylandy. Myhmanlar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda behişdi bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk, zergärçilik sungatynyň sergisini synladylar.

Soňra bu dabaranyň açylyşy boldy we onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany ÝUNESKO-nyň  Baş konferensiýasynyň başlygy hanym Simona Mikelesku dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Dabarada çykyş edenler Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde 2023-nji ýylyň 5 — 9-njy dekabry aralygynda geçirilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň 24 agza döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanylandygyny buýsanç bilen bellediler. Türkmen halkynyň gözüniň guwanjy, başynyň täji, wepaly syrdaşy ahalteke atlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda adamzadyň halkara miras sanawynda özüniň mynasyp ornuny eýeländigini nygtadylar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli gymmatlygymyz bolan gamyşgulak, ýelden ýyndam, wepaly, owadan ahalteke atlarymyzy ylmy esasda öwrenmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

2024-10-1622