TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ylym dünýäsiniň ýaş zehinleri

Ylym dünýäsiniň ýaş zehinleri

12-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem boldy.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ylym-bilimiň mundan beýläk hem ösdürilmegini, halkymyzyň bu asylly ýörelgesini döwletimiziň ösüşinde esasy ugurlaryň biri edip goýýar. Bu bolsa ylym-bilimiň, tehnologiýanyň ähmiýetini has-da belende göterýär.

Häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda bina edilen Arkadag şäherinde hem ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy üçin ýokary we orta hünär okuw mekdepleri hereket edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilen Ylymlar gününde ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşikde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary Tawus Gordyýewanyň 1-nji, Annadurdy Çaýyrowyň hem-de ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň talyplary Öwezmyrat Aýdogdyýewiň, Guwanç Ýoldaşowyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Aýjahan Durdymeredowanyň 3-nji orna mynasyp bolmaklary bizi diýseň buýsandyrdy. Her ýyl Ylymlar gününiň bellenilmegi, şol sanda ýaşlaryň arasynda bu ugurda bäsleşikleriň yglan edilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan çäreleriň biridir.

Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.

2025-06-1857