TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Parahat ýaşasyn halklaryň bary

Parahat ýaşasyn halklaryň bary

Gara SEÝITLIÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

 

Biz azat Watanyň ― azat ýaşlary,
Baky şatlyk üçin geldik jahana.
Bagtly etmäge bar ynsanlary,
Zähmet, göreş bilen çykdyk meýdana;
Watanmyz nur saçýar bütin jahana.

 

Parahat ýaşasyn halklaryň bary.
Bagtly ýaşasyn dünýäň ýaşlary.

 

Dünýäniň ýaşlary! Galkyň göreşe!
Ýaşlygy saklalyň gaýdan, tupandan.
Goşulsyn hemmeler biziň ýörişe
Dünýäni saklalyň uruşdan, gandan;
Watany saklalyň gaýdan, tupandan.

 

Parahat ýaşasyn halklaryň bary.
Bagtly ýaşasyn dünýäň ýaşlary.

 

Ýok bolsun dünýäde uruş, ot, tupan!
Azat guş dek azat ýaşasyn ynsan.
Parahatlyk üçin göreş, gahryman,
Halklaryň dostlugy bolsun baş nyşan,
Parahat dem alsyn bu ýagty jahan.

 

Parahat ýaşasyn halklaryň bary.
Bagtly ýaşasyn dünýäň ýaşlary.

2025-11-0612