TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Pederler ýoly»

«Pederler ýoly»

Häzirki döwürde milli mirasymyza, medeniýetimize, sungatymyza, şeýle hem ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza uly hormat goýulýar. Arkadag şäheriniñ Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryndaky beýan edilýän taryhy wakalary we ruhy ýörelgeleri suratlandyrmak arkaly «Pederler ýoly» atly täze eser sahnalaşdyryldy. Ony sahna diline geçiren ýaş dramaturg A.Rejepow, sahnalaşdyran S.Ataýew.

Eseriň esasy gahrymany bolan Gahryman ata-babalarynyň şöhratly ýoluny yzarlap, geçmişe syýahat edýär. Ol ýolda ruhy ýolbaşçy bolan Peder bilen duşuşýar. Peder Gahrymanyň öňünde beýik geçmişiň gapylaryny açyp, ony Ýazly yzçy, Mämiş seýis, Kuwwat pälwan ýaly dana, mert we watansöýüji pederleriň dünýäsine alyp gidýär. Eserdäki Ýazly yzçy paýhaslylygyň nyşany hökmünde çykyş edip, onuň üsti bilen her bir adamyň bu dünýäde ýagşy yz galdyrmalydygy barada nygtalýar. Mukaddes türkmen topragynda diňe ýagşy niýetleriň gülläp miwe getirýändigi tomaşaçylara ýetirilýär. Öz işiniň ussady Mämiş seýsiň keşbiniň üsti bilen türkmen halkynyň gadymdan gelýän atlary ýetişdirmek däplerini ýaş nesillere geçirip, bedew ýaly öňe okdurylyp barýan ynsan ömrüniň ykbal jylawyndan tutup, ony haýra tarap ugrukdyryp bolýandygy düşündirilýär. Kuwwat pälwan bolsa güýç-gaýratyň, mertligiň hem-de edermenligiň beýany hökmünde sahnada janlanýar. Ol her bir adamyň belent maksatlarynyň öňüne böwet bolup durýan içki gorkusy bilen göreşmegi we ondan üstün gelmegi öwredýär. Sahna eseri Gahrymanymyzyň hyýalynda bolup geçýän hem bolsa, ol hakyky durmuşdan asla üzňe däl. Ondaky wakalar her bir tomaşaça öz ýoluny yzlap tapmagy öwredýär. Spektakl diňe bir geçmişimizi janlandyrman, eýsem, watançylyk, halallyk, peder ýoluna wepalylyk ýaly beýik gymmatlyklary halkyň ruhuna siňdirýär we her bir tomaşaçynyň kalbynda guwanç, buýsanç döredýär we ruhy güýç berýär.

«Pederler ýoly» atly sahna eseri hyýaly we hakykata esaslanýan wakalaryň üsti bilen tomaşaçylara ata-babalaryň ýoluny dowam etmek, oňa wepaly bolmak, watançylyk we ahlak gymmatlyklary barada täsirli pikirleri ýetirýär.

2025-10-0118