
Erkana ýurduň baýdagy belent
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy Arkadag şäherinde-de uly dabara bilen bellenilip geçildi.
Şol gün ir säher bilen şäheriñ Baş baýdak meýdançasyna ýüzlerçe ildeşlerimiz ýygnandy.
Dabara Arkadag şäherindäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we mugallymlardyr talyplar gatnaşdylar. Baş baýramymyzyň dabarasy Döwlet senamyzyň astynda mukaddes tugumyzy asmana galdyrmak bilen başlandy. Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gazanylan beýik ösüşler baradaky çykyşlar bolsa aýratyn täsirli boldy.
Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek, milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tutumly başlangyçlar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol ýyllardan bäri gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzy dünýä tanatdy. Garaşsyzlyk özygtyýarlylygy, asudalygy, erkinligi özünde jemleýär. Arkadag şäheri-de özygtyýarlylygymyzyň ajaýyp miwesidir.
Baş baýramyň şanyna Arkadag şäherinde ençeme maşgalalar täze jaýlara göçüp geldiler. Bu türkmen halkynyň döwletliliginden habar berýär. Dabaranyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Şeýle aýdymlar, ýürek joşgunlary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy hem-de ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrdy.