
Öz ilimiň ýaşululary
Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ulularyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Ony Arkadag şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.
Il arasynda belent sarpaly Arkadag şäheriniň ýaşuly nesli bu çäräniň arzyly myhmany boldy. Şeýle hem çäräniň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Dabaranyň dowamynda Arkadag şäheriniň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan hormatly ýaşululara we mähriban enelere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Toýdur baýramlaryň ýaraşygy bolan paýhasly gojalaryň, kümüş saçly eneleriň geçen ömür menzillerinde toplanan päkize garaýyşlara ýugrulan öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary ýaş nesiller üçin mekdepdir. Elbetde, ýaşulularyň mekdebi türkmençilik edebinde iň kämil milli mekdepdir.
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň döwletli, tutumly başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara güni BMG-niň düzümine girýän ähli döwletler bilen bir hatarda halkara derejesinde belläp geçmek asylly däbe öwrüldi. Agzybirligimizi pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hormatlanýan ýaşulularymyz ýaş nesillere ýagşy görelde görkezýärler. Hut şunuň üçin-de ýaşulular mekdebi «türkmençilik» diýen giň düşünjäniň aýrylmaz bir bölegidir. Halkymyzda «Garryly öý — gazna», «Garry — öýüň sütüni» ýa-da «Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz» diýen nakyllardyr atalar sözleri türkmenleriň ýaşululara goýýan sarpasynyň uludygyny görkezýär. Ýeri gelende bellesek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda üstünlikli geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşuly nesliň uly toparynyň gatnaşmagy, il-ýurt bähbitli geňeş edilmegi döwletli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyny äşgär etdi.
Düýn Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaraly çäre hem uly ruhubelentlige beslendi.