TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Hyzmatdaşlygy gülleden ýyllar

Hyzmatdaşlygy gülleden ýyllar

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Fransuz işewürleri bilen bolan duşuşyga «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre dagy hem gatnaşdylar.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda işlemegiň özleri üçin uly mertebedigini belläp, daşary ýurt kompaniýalaryna türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandyklaryny bellediler. Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk pudagynda gazanýan üstünliklerinde, ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde Milli Liderimiziň uly goşandyny aýratyn nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz işewürleri mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde Türkiýäniň Türkmenistanda işleýän kompaniýalarynyň goşandyny belledi. Häzirki wagtda bu kompaniýalar senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.

Milli Liderimiz «Buig» kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär we şol döwürde paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdiren köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi.

Iri kompaniýalaryň wekilleri bildirilýän uly ynam üçin hoşallyklaryny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň geljekde-de öz şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.

2025-10-01206