
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr
Dünýäde çaganyň gülküsinden, şatlygyndan ýakymly zat ýok bolsa gerek?! Gör-ä, çagalaryň bagtyýarlygynda täze taryhy döwrüň halkymyza eçilýän ajaýyp döwletli döwrany, abadan durmuşy, hözirli ýaşaýşy görünýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldip, bejergi alýan çagalara hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalara naz-nygmatly sowgatlaryň dabaraly gowşurylan pursady bu hakykata has aýdyň göz ýetirýärsiň.
Süýjülik nygmatlaryny uly şatlykdyr hoşallyk bilen kabul eden çagajyklaryň Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden aýdýan päk alkyşlarynda özleri hakynda edilýän ägirt uly aladany çaga kalplary bilen duýýandygy aýdyň şöhlelendi.
Dünýädäki iň asylly, iň sogaply amallaryň seresi hossarlyga, howandarlyga, mähir-mylakata mätäç çagalaryň başyny sypamakdygy, olara haýyr-sahawat etmekdigi hakynda halk hakydasyna, emer-damaryna ornan hikmetde beýan edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana pederlerimizden pent bolan bu asylly, ynsanperwer ýörelge täze dowamata eýe bolup, halkyň hoşallygyna mynasyp bolýar.
Näçe susulyp alyndygyça suwy egsilmeýän, gaýta, suwy barha bol bolýan guýynyň mysalynda bir hikmet bar. Täze taryhy döwrüň sahawat bulagynyň gözbaşyny arçan Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjyny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň amala aşyrýan döwletli işleri çagalaryň durmuşyna bagtyýarlyk nuruny çaýýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlik ýörelgesi bilen kemala gelen haýyr-sahawat daragtynyň datly nygmatlary bagtyýar çagalaryň durmuşyna süýjülik, ömürlerine tagam bagyşlaýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň mysalydyr. Köpugurly, giň gerimli haýyr-sahawat işlerini alyp barýan gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç ençeme çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigini, lukmançylyk bejergileriň berlendigini aýratyn nygtamak zerur. Şol çagajyklaryň ýaşaýşyna umyt bagyşlan şeýle ägirt uly ynsanperwer işler bagtyýar halkymyzyň kalbyna mähir, nurana geljegine ynam bolup ornaýar.
Çagalaryň sagdyn ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, durmuş taýdan goldanylmagy, bagtyýar, bolelin ýaşaýşynyň üpjün edilmegi zerur. Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen Haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän işleriniň baş maksady hem, esasan, şulardan ybaratdyr. Gaznanyň hasabyna durmuşa geçirilýän ynsanperwer, sahawatly işleriň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe howandarlyga mätäç çagalara ählitaraplaýyn durmuş goldawy berilýär.
Halkymyzda bir-ä çaganyň, birem iliň alkyşynyň Hakyň ýalkawydygy hakynda ynam bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli datly, naz-nygmatly sowgat alan çagalar tüýs ýürekden Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny dileýärler.