TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýigrimi ýedinji sentýabr

Ýigrimi ýedinji sentýabr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr.

 

Bularyň haýsy birini aýtjak diýsene. Türkmeniň toý tutumy bu. Güýz gelerine mähetdel, 1-nji sentýabr, birinji gün diýlenden säher bilen paýtagtymyzda täze ýokary okuw mekdebi açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen telekeçi boljak ýaşlar okuwa girişdiler. Laýyk bir hepdeden soň, Aşgabatdan gaýra gideniňde, uzak bolmadyk ýerde täze çüýşe önümhanasynyň açylyşy boldy. Kärhana hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp, uly kuwwatlylyk bilen işine başlady.

Garaşsyzlyk baýramy... ýandepderçämiz şeýde-şeýde wakalaryň gürlügi bilen galňady gitdi, galňady gitdi. Sebäp bu toýlar, bu wakalar özüniň gelşi bilen başgaça. Diňe bir aýy mysal alanyňda sentýabryň başy şeýle iri işler bilen başlandy. Altyn güýzde täze taryhy döwrüň kitaby altyn harplar bilen ýazyldy.

Il-günüň dili süýji hem sözi agras. Arzuwlap ýetenini arzylap: «Baş baýram» diýýär. Ýylymyz halkara ýyl bolansoň, halkymyzyň dünýäde üç gezek ykrar tapan Bitaraplygynyň ýubileý senesinde ýurt gymmatlyklaryna begenişi-guwanyşy juda-juda başgaça. Garaşsyzlyga, Bitaraplyga goşa ganatym diýýär. Şol ganat bilen ruhy-köňli howalanyp asmanda pelpelläp ganat ýaýýar. 27-nji sentýabrda Döwlet münberiniň öňünden geçip gidenlerinde uçuryp goýberýän toý şarlary, ak kepderileri olaryň tüýs göwün göterilişi. Ýerden tä asmana çenli Baş baýram şatlyk-şowhuna beslenýär. Ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny bir bitewülikde aýdýarlar.

Çykyşlar biri-birinden üýtgeşik. Çünki kalpda hyjuw, Watana söýgi bar. Ýörişden geçip barýanlaryň her biriniň Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde aýdan sözlerini doga kimin pugta ýürekde göterýändiklerini aňladýardy: «Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär».

Gündogardan-günbatara kerwen gurap geçip gidýän bezegli awtoulag platformalarynda şol toplumyň ýylyň başyndan bäri ýeten üstünlikleri güller deý çugdamlanypdyr. Bezemen awtoulaglar özüne kybap gelüw-gözelligi bilen mertebeli münberiň öňünden geçýär.

27-nji sentýabrda — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni münberli ýoldan geçmek esgerleriň, her bir işçiniň, ýaşlaryň arzuwy. Çünki bu ýol ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw eden ýoly. Ýurt berkararlygynyň, erkana durmuşyň ýoly. Muňa Köpetdagyň etegindäki dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli hem «Çoh, garaşdym, ajap eýýam gelipdir» diýip, türkmeniň göterilen ykbalyny halkymyz bilen birlikde-bilelikde synlaýana meňzeýärdi. Garaşsyz ýurdumyzyň baýdagy hem ýurdumyzyň ýüreginde belentden parlaýardy. Töwerek durky bilen sazlaşyk. Gutlagly sözler paýlaşylýar.

Gezek Arkadag şäheriniňki. Ol Gün nuruna ýalkym saçyp, hatar-hatar baýramçylyk bezegli awtoulag platformalarynyň öňbaşçysy bolup gelýär.

Arkadag şäheri — Watanymyzyň buýsanjy.

Arkadag şäheri — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň nyşany.

Arkadag şäheri — Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy. Bu hakykatlar alypbaryjynyň joşgunly sözlerinde doly beýanyny tapdy. 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi, 10-njy maýda «Arkadag» toparynyň Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy ýaly mertebeli menzillerini aýtdy. Bu taryhy pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, mynasyp bolan Altyn baýragy we beýleki ýörite baýraklary bilen geçmekleri dabaraly ýörişe aýratyn bezeg berdi.

Ýylymyzyň başy beýik ýeňişler bilen başlady. Üstünlikler bilen hem jemlener. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolunda Garaşsyzlyk toýy halkyň bähbidine gönükdirilen Watanymyzyň şanly wakalaryny has-da şöhratlandyrýar.

Toý bolup dursun!

 

Guwanç MÄMIÝEW.

«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.

2025-10-0136