
«Akylly» şäheriň ikinji tapgyry: möhüm desgalaryň gurluşyklary
«Berkarar döwletimiziň kuwwatly binýadyny görkezýän, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäherini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam edýär. Gurluşygyň bu tapgyrynda ýene-de möhüm desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ýakyn geljekde Arkadag şäheri senagat taýdan kuwwatly şähere öwrüler».
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşyndan.
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Arkadag şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabr aýynda Moskwa şäherinde geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy.
Şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň sanjym önümleriniň önümçiligine niýetlenen kärhananyň, Arkadag baş metjidiň girelgesiniň, Ahalteke atlary şaýoluny döwrebaplaşdyrmak, Janly tebigatyň milli muzeýine çenli teklip edilýän täze ýoly gurmak boýunça taýýarlanan, ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň çäklerinde, dürli maksatly binalaryň aralarynda we ýol ýakalarynda ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň we dürli gülleriň görnüşleri görkezildi. Mundan başga-da, lukman Arkadagymyzyň garamagyna Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Milli sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hassalaryň maglumatlaryny dolandyrýan merkeziniň şekil taslamalary we onda ýerine ýetiriljek işleriň ähmiýeti barada hasabat berildi.
Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllyk senesi mynasybetli paýtagtymyzda guraljak giň möçberli sergide Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan pawilýony guramak işleri barada aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Gahryman Arkadagymyz ýolugra täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän kottejler toplumynyň we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda saklandy. Ýaşaýyş jaýlarynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, onuň ähli çäkleriniň we ýollarynyň yşyklandyryş ulgamy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň batly depginlerde dowam etdirilmegi babatda degerli maslahatlaryny berip bu ýerden ugrady.
* * *
Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ýurdumyzyň «Sport ýyldyzy» we «Aga-gurluşyk» hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy.