TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Baýramçylyk konserti

Baýramçylyk konserti

26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabara Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligentleri, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar tomaşa etdiler.

Konsertde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynda möhüm orny eýeleýän Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan ösüşleri şöhlelendirýän köpöwüşginli çykyşlar ýerine ýetirildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly eserleri

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan hoşallygyň belent waspyna öwrüldi. Olaryň arasynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň sungat ussatlarynyň hem bolmagy örän buýsandyryjydyr. Olar öz çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň eşretli miwesi bolan, ýurdumyzyň baş arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan bina bolan «akylly» şäheriň waspyny ýetirdiler. Bu baýramçylyk konsertine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagy, her bir çykyşa ýokary baha berip, halkymyz bilen şatlygyny, buýsanjyny paýlaşmagy jebislikden, bagtyýarlykdan, rysgal-döwletlilikden nyşandyr.

Garaşsyzlyk halkyň röwşen geljegi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde her bir ynsanyň durmuşynda bagt guşy bolup janlanýar. Konsertiň dowamynda emele gelen ýokary ruhubelentlik hem ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününi hem-de şeýle joşgunly duýgulary dabaralandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Ak şäherim Aşgabat» atly aýdym konserte gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Bilelikde ýerine ýetirilen «Garaşsyz Diýarly, Arkadagly Serdarly baky bagtyýar türkmen» atly ajaýyp aýdym bolsa baýramçylyk dabarasynyň jemlenmesi bolup, diňe bir dillerde däl, eýsem, ýüreklerde hem ýaňlandy.

2025-10-01207