
Toýlaryň bezegi bedew
Golaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Baýramçylyk at çapyşygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspyny belende göterip, oňa gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk, joşgunyna joşgun goşdy.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şol gün dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşyklaryň birinjisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Babadaş atly dor at, ikinji çapyşykda Aşgabat şäheriniň häkimligine degişli Gelejek atly gara at, üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Hazyna atly mele at, dört we uly ýaşar atlar gatnaşdyrylan dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly dor at, bäşinji çapyşykda hem Aşgabat şäheriniň häkimligine degişli Garaýel atly gara at pellehanadan ilkinji bolup geçdiler. Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşyp, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Tokaý hojalygy» döwlet kärhanasyna degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Jemleýji ýedinji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçdi.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Şanly baýramda behişdi bedew bilen arzyly menzili ussatlyk bilen geçmek, Şa serpaýyna mynasyp bolmak uly bagtdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralary ata Watanymyzyň ösüş-özgerişini, halkymyzyň bagtyýarlygyny ýene-de bir gezek dünýä äşgär etdi.