TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda
1-nji madda. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
4-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hakynda DÜZGÜNNAMA
1. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýär.
2. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen:
ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bitiren uly hyzmatlary;
Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary;
ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda ajaýyp döredijilik üstünlikleri, ýokary ussatlygy, türkmen halkynyň dünýä halklarynyň medeniýetiniň genji-hazynasyna giren ruhy gymmatlyklaryny, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýanyny tapan, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda goşan uly şahsy goşantlary we çeken önjeýli zähmetleri;
ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary;
Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.
3. Türkmenistan bilen medeni we beýleki dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary görkezen daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylyp bilner.
4. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanylýar.
5. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň ÝAZGYSY
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly burçlary ýitileşdirilen, gyrasyna altyn çaýylan sekizburçluk görnüşinde ýasalan. Medalyň burçlarynyň arasy altyn çaýylan we ýaşyl reňk bilen syrçalanan uçly ýarym aýlaw bilen birikdirilen. Medalyň umumy diametri 44,3 mm.
Sekizburçlugyň milli nagyş bilen bezelen her burçunda bir göwher daşy bar. Medalyň daşky tegeleginiň daşynda sekiz sany kiçi ölçegli göwher daşy ýerleşdirilen. Daşky tegelegiň içinde, ýokarky bölekde ak reňk bilen syrçalanan «MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA» diýen ýazgy, aşaky böleginde bäş sany türkmen haly gölüniň şekilleri we iki sany göwher daşy ýerleşdirilen.
Medalyň diametri 27,6 mm bolan altyn çaýylan içki tegeleginiň merkezinde Gün şöhleleri, üstünde Magtymguly Pyragynyň eline kitap alyp duran şekili we onuň sag tarapynda milli ýazuw esbaplary, çep tarapynda bolsa dikligine bäş sany türkmen haly gölüniň güberçek görnüşdäki şekilleri ýerleşdirilen. Tegelegiň aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun baldajyklary şekillendirilen.
Medal halkajyklar arkaly beýikligi 16,2 mm, ini 30 mm bolan gönüburçly daşy altyn çaýylan bezeg bilen jäheklenen ýaşyl reňkli syrçaly kolodka birleşdirilen. Kolodka Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan şekil görnüşinde syrçalanyp ýerine ýetirilen.
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalan.
Kolodkanyň arka tarapynda medaly geýime dakmak üçin ildirgiç bar.

2024-02-11599