TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Hakyda göwheri» doganlyk halkyň dilinde

«Hakyda göwheri» doganlyk halkyň dilinde

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky we Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Türkmen-azerbaýjan parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky uly orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz eserinde türkmen topragynda ýaşap, yklymlaryň ösüşine goşant goşan meşhur serkerdeler, soltanlardyr akyldarlar barada öz pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirýär.

Dabarada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow çykyş edip, bu eseriň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki dünýäniň ruhy hazynasyna öwrülen paýhas nusgalaryny özünde jemleýändigini, şeýle eseriň tanyşdyrylmagy onuň diňe bir edebi we ylmy ugurlarda däl, eýsem, Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda berk taryhy we medeni baglanyşygyň ähmiýetini hem aýdyň ýüze çykarýandygyny aýtdy. Ilçi şeýle baý mirasy gorap saklamakda, ony geljek nesillere ýetirmekde Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň hem-de başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. «Hakyda göwheri» atly kitabyň azerbaýjanly okyjylara ýetirilmegi halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşar. Kitap okyjylara türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, ahlak gymmatlyklary, Türkmenistanda ylmyň, bilimiň, medeniýetiň ösüşi barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Şeýle-de, çykyşlaryň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy barada anyk maglumatlar esasynda gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan diline terjime edilmegi hem iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýygjam häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Indi Milli Liderimiziň gymmatly pikirlere baý bu eseri azerbaýjanly okyjylara hem elýeterli boldy. Doganlyk ýurduň kitap söýüjileri bu eser arkaly halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlar bilen öz ene dilinde tanşyp bilerler.

Çykyşlarda «Hakyda göwheri» atly kitabyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi ugrunda tagalla edenleriň ählisine tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

2025-12-2420