
Balalaryň baýramçylyk bagtyýarlygy
«Haýyr işle — haýyr tap» diýip ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezýän türkmen halkymyzda hemaýata mätäçleri goldamak, olara ruhy we maddy taýdan kömek bermek ýaly asylly häsiýetler durmuş gözelligi hökmünde kabul edilen. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi ata-babalarymyzdan miras galan beýik ahlak häsiýetleriniň täze döwrümizde mynasyp dabaralanmasydyr.
Ýakynda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglygyny dikeldýän körpelere Täze ýyl baýramy mynasybetli Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi çagalaryň ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Çagalar baýramçylyk sowgatlaryny uly şatlyk bilen kabul etdiler. Olaryň ýürek buýsançlary şirin aýdym-sazlarda, goşgudyr owadan tanslary ýerine ýetirmeklerinde beýanyny tapdy. Şeýle hem döwrümiziň ösüşleri, özleri babatda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hereket edýän saglygy goraýyş we dikeldiş merkezlerinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan mümkinçiligi çäkli çagalara dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly eserinde: «Her bir halk özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bizi bezeýän häsiýetler bizi beýgeldýän aýratynlyklardyr» diýip belleýär. Elbetde, şol aýratynlyklar bolsa, türkmeniň beýik häsiýetlerinde — parahatçylyk söýüjilik, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik ýaly belent adamkärçilik ýörelgelerinde jemlenýär.







