
Şatlyk paýlap gel Diýara, Täze ýyl!
Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez yhlasyndan bina bolan Arkadag şäheri toýly günleriň alkymynda. Ýene sanlyja günden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanyp, täze ýyla gadam basylar. Şol sebäpli bellenilýän gyş baýramynyň, ýagny Täze ýylyň dabaralary uly şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar. Bu her ýyl şeýle. Arkadag şäheriniň baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen şäher has hem göze ýakymly boldy. Şäheriň binalary, ýollary, seýilgähleri dürli öwüşginli yşyklar bilen bezeldi. Adamlar bir-birege ýagşy arzuwlaryny aýdýarlar, geljek ýylyň düşümli bolmagyny arzuw edýärler. Bol harytly baýramçylyk söwda nokatlaryndan söwda edýärler. Mahlasy, şäher baýramçylyk ruhunda...
Şu günlere çagalaryň şowhun berişlerini diýsene. Baýramçylygyň arzyly myhmanlary Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda yşyklary ýakylaly bäri şäherdäki baş arçanyň töweregi hemişe çagaly. Ýok-ýok, diňe çagalar diýsek ýalňyş bolar, bu ýerde ata-eneler, şähere gezelenç edýän myhmanlar hem bar. Eýse nähili bolsun, baýramçylygyň zer-zerbap donuny geýen «akylly» şäheri görmäge göz gerek. Täze ýyl yşyklary diýjekmi, baýramçylyk şygarlary diýjekmi, mahlasy, sereden ýeriňde baýramçylyk ruhy duýulýar. Iňrik garalyberende, öýleriň penjiresinden görünýän gözel görnüşlerden gözüň ganmaýar. Onsoň ata-eneler hem körpejeleriniň elinden tutup, şähere gezelenç edenlerini kem görmeýärler. Ýakyn-u-alysdan gelen myhmanlaram owadan şäheri görjekden, synlajakdan. Onsoňam gözel görnüşler diňe gözlere siňeni bilen adam kanagatlanmaýar, onuň kalba siňmegini, ömürlik huşda galmagyny isleýär. Meger şondandyr, şähere gezelenç edip ýören ildeşlerimiz bu pursatlary suratlarda ebedileşdirýärler. Geçip barýarkaň telefonlaryny uzadyp, özlerini surata düşürmegi haýyş edýänlär bir ýa iki däl.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak üçin taýýarlykly baryldy. Çäreleriň üstünlikli, şowhunly, döredijilikli guralmagynda Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň hem mynasyp goşandy bar. Müdirligiň tagallalary bilen şäherde dabaraly çäreler, gyzykly çykyşlar geçirilýär. Şowhunly konsertler taýýarlanýar. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanada, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat we Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdeplerinde ýörite dabaralar guralýar.
Täze ýyl baýramynda arzuwlaryň hasyl bolýandygy barada düşünje bar. Şonuň üçin, goý, aňymyzda, kalbymyzda beslän umyt-arzuwlarymyz durmuşa geçsin! Täze 2026-njy ýylymyz bütin halkymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolýan, ösüşleriň batly ýyly bolsun!







