
Geljek ýyla belent başlangyçlar bilen
Düýn Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň rowaçlyklara beslenýän daşary syýasat strategiýasy netijesinde 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerini ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy we halkara çäreleriniň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz täze ýylda Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen halkara çäreleriniň geçiriljek ýerine geldi. Tutuş adamzat üçin taryhy ähmiýeti bolan meseleleri öz içine alýan halkara çäreleriniň geçiriljek toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň girelgesiniň döwrebaplygy bilen tanşyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Toplumyň giň möçberli maslahatlaryň geçiriljek ýerinde meýilleşdirilen halkara maslahatlarynyň we forumlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, şunda binanyň içki bezeg işlerine, reňkleriň sazlaşygyna we onuň yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öwüt-nesihatlaryny berdi. Degişli ýolbaşçylar 2026-njy ýylda Hazaryň kenarynda halkara forumynyň geçiriljek binasynyň ýerleşýän ýeriniň meýilnamasy, onuň bölümleriniň, mejlisler zalynyň teklip edilýän bezeg işleriniň, şeýle hem binanyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Bellenilişi ýaly, bu ýerde meýilleşdirilen işler ýurdumyzyň telekeçi-gurluşykçylaryna ynanyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileriniň ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk ulgamynda we binalaryň içki bezeginde işjeňlik görkezýändiklerini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hilli we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Meýilleşdirilen işleriň doly derejede ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Mälim bolşy ýaly, halkara çärelerine görülýän taýýarlyk işleriniň hemmesi hormatly Prezidentimiziň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu işlere dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz öňde boljak halkara forumynyň çäklerinde toplumyň halkara derejesindäki sergileriň geçiriljek künjeginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde guraljak halkara sergisinde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we degişli ýolbaşçylara özüniň maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsynda öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan işler, Hazaryň kenarynyň tebigy aýratynlyklaryny we öz çägini giňeldýän syýahatçylyk zolagynyň täze binalary we ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz dikuçardan halkara ulag geçelgesiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri, Awazanyň önümçilik toplumlaryny synlady.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň önümçilik toplumlarynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işi kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna guran iş saparynda «Garabogazkarbamid» zawodynyň işiniň talabalaýyk alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meselelere hem üns berildi. Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähli düzümlerinde ýyllyk meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tagalla edilýär. Şol bir wagtyň özünde deňiz portunyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň talabalaýyk bolmagyny we ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze derejesine çykmagyny üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyz uçuşy tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady.







