
«Sütünleri söýgüden, bir mizemez binadyr»
«Parahatçylyk ynsanlara bagyşlanan eşretleriň iň belendidir» diýen paýhas öňden mälim. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen halkara forum hem bu paýhasy dünýä ýaýanlygy bilen has-da ähmiýetli. Çünki ol bütin adamzadyň bähbidine, Ýer ýüzüniň abadançylygyna gönükdirilen tagallalardan nyşan. Şonuň üçin-de, şol günki wakalar ýürekleriň töründe orun aldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynyň açylyş dabarasy, serginiň guralmagy hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti şanly ýylymyzy dabaralandyran wakalar boldy.







