TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Täze kitabyň tanyşdyrylyşy

Täze kitabyň tanyşdyrylyşy

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Bu dabaraly waka 22-nji dekabrda Arkadag şäherinde hem şatlyk-şowhuna beslendi. Kitap tanyşdyrylyş dabarasyna Arkadag şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ýaşuly nesiller, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlar, talyplar hem-de şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar ilki Arkadag şäheriniň häkimliginiň eýwanynda guralan sergini synladylar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide «akylly» şäheriň häzirki güne çenli ýeten belent sepgitlerini hem-de gazanan üstünliklerini görkezýän şahadatnamalardyr güwänamalar bar. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti döwet galamyndan dörän ajaýyp kitaplar ýerleşdirilipdir. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hem-de Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar topary dabara gatnaşyjylary milli aýdym-sazlar bilen garşyladylar. Şeýle ajaýyp görnüşler adamlarda uly ruhubelentlik döretdi.

Soňra dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda dowam etdi. Onda çykyşlara hem giň orun berildi. Çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň çapdan çykmagynyň halkymyz üçin bahasyz serpaý bolandygyny nygtadylar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş arkaly parahatçylyga daýanýandygyny, Ýer ýüzünde hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýan daşary syýasatyny, ilkinji nobatda, onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýandygyny buýsanç bilen aýtdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen dünýädäki ýeke-täk döwlet hökmünde Türkmenistan halkara giňişlikde, dünýäniň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda adamzadyň bagtyýar we abadan durmuşynyň hatyrasyna möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda hem şu hakykatyň aýdyň beýan edilýändigi aýdyldy. Eserde türkmen Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagyndaky, netijeli çözülmegindäki ornunyň düýpli açylyp görkezilýändigi bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklardaky işjeň orny, ählumumy wezipeleri çözmek bilen bagly başlangyçlary töwerekleýin seljerilýär. Bu ajaýyp eser Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgat boldy.

— Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, bütin halkymyzy, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň dowamly bolmagyny ene ýüregimden arzuw edýärin. Parahatçylyga sarpa goýýan ynsanyň amala aşyran işi bütin adamzat durmuşynyň abatlygyna, halklaryň dost-doganlygyna gönükdirilýär. Arzuwlar bir düşünjede, parahatçylykda jemlenendir. Muny Arkadagly Gahryman Serdar oglumyz özüniň täze ajaýyp eserinde giňişleýin düşündirýär. Bagtdan paýly türkmen zenanlary şu ajaýyp döwürde ýaşaýandyklaryna, işleýändiklerine buýsanýarlar. Sebäbi bu günki günde kümüş saçly enelere, gelin-gyzlarymyza uly hormat goýulýar. Ýaňy-ýakynda hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Bu foruma birnäçe ýurtlardan zenan myhmanlar gatnaşdylar. Forumyň çäginde

Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy biz eneleriň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Sebäbi gaznanyň alyp barýan işi çagalaryň bähbidine. Bu bolsa biz enelere edilýän alada dälmi eýsem?! Çagajyklarymyzyň gülki sesleriniň ýaňlanyp durmagy, ýurdumyzyň parahat bolmagy biziň bagtymyz. Çagajyklaryň gülki sesleri parahatçylygyň mukamy. Watany söýmegi, parahat durmuşyň gadyryny bilip, agzybirligi, dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmegi ýaş nesle düşündirmekde biz ýaşuly nesliň wekillerine ähli mümkinçilikler, şertler bar. Eneleriň dünýäniň abatlygy üçin alkyş-dilegleriniň çäksizdigini Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde aýdyp geçýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, eneleriň ýüregindäki alkyşlary dünýä dolýar. Dünýä hem olaryň «diline» düşünýär. Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly.

Şonuň üçin-de, eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar. Goý, eneleriň arzuwlary hasyl bolsun! Şonda eziz Watanymyza döwlet ornar, halkymyzda agzybirlik pugtalanar. Ine, golaýda türkmen ýaşlarynyň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp boldular. Ýaş neslimiziň gazanan bu üstünlikleri hem halkymyzyň halkara abraýyna abraý goşýar. Bu bagtyýar döwrüň sakasynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly

Gahryman Serdarymyz durandyr — diýip, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy, mährem ene Ogulkeýik Hojanyýazowa ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra ýaňlanan aýdymlar dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ilerledýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna alkyş bolup ýaňlandy.

2025-12-2419