TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Parahatçylygyň baýramynda

Parahatçylygyň baýramynda

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetli bolan syýasy wakalara, halkara çärelere baý boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Diýarymyzyň toýly günlerinde Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ýokary derejeli myhmanlaryň birnäçesi bilen duşuşdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň guralmagy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynyň açylyş, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabaralary, halkara forum hemişelik Bitaraplygymyzyň Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldygyny subut etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

2025-12-1742